Sepleriň elýeterliligi

Bahar: Propiskam “Ertekiler dünýäsinde”


Aşgabatdaky "Ertekiler dünýäsi"

Aşgabatdaky "Ertekiler dünýäsi"

Häzirki wagtda Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda köp sanly gymmatbaha gurluşyk işleri alnyp barylýar. Kähalatlarda täze gurulýan binalar, desgalar ozal gurulan jaýlaryň ýerinde galdyrylýar. Adatça, şeýle ýagdaýda jaýy ýykylan adamlaryň maddy ýitgisiniň öwezi dolunmaly.

Emma bize gowuşýan habarlarda öýleri ýykylan adamlaryň köpüsiniň kompensasiýa hökmünde berilýän jaýlardan nägiledigi, sebäbi täze berilýän öýleriň ýaşaýyş meýdanynyň has kiçidigi aýdylýar.

Şeýle türkmenistanlylaryň biri hem häzir Moskwada bilim alýan Bahar atly türkmen talyby. Ol Azatlyk Radiosyna öz maşgalasynyň jaý meselesinde başdan geçirenleri barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Bahar, siz Aşgabatda ilat arasynda “Disneý Land”, resmi taýdan “Ertekiler dünýäsi” diýlip atlandyrylýan güýmenje merkeziniň gurulmagy netijesinde şol sebitdäki jaýyňyzdan göçürilendigiňizi aýtdyňyz. Bu barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Bahar: Hawa, haçanda “Disneý Land” gurulmaly edilende, biz jaýlarymyzyň ýykyljakdygyny, biziň hem göçmeli boljakdygymyzy aňýardyk. Emma, her niçikde bolsa, biz şol wagtky ýaşaýan jaýymyza görä täze bir jaý berler öýdüp garaşýardyk. Ýöne, her näçe gynansak-da, biziň umytlarymyz puja çykdy.

Biz bäş çagaly uly bir maşgala. Biziň uly hususy jaýymyz, howlymyz bardy. Ony gurmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda köp pul harçladyk, “iýmän-içmän” diýen ýaly ähli yhlasymyzy şoňa siňdirdik. Uzagyndan şol ýerde bizden soňra örňejekler bilen hem, tutuş maşgala bolup ýaşarys diýip arzuw edipdik.

Uzyň gepiň gysgasy, biziň jaýymyz ýykylmaly edildi, onuň ýerine bolsa, diňe iki otagly jaý berildi. Gynanjymyzy, ýüregimizdäki ahmyry düşündirer ýaly hem däl. Bize näme sebäpden has kiçi meýdanly, öňki ýerde hasaba duran adamlaryň sanyna gabat gelmeýän bir jaýyň berlendigi barada hiç kimden hiç hili jogap alyp bolmady. Biçäre, alaçsyz galdyk. Şol ahmyry häzirki güne çenli hem çekip gelýäris.

Üstesine, bizi täze ýere propiska, ýazga hem almadylar ahyryn.

Azatlyk Radiosy: Bu nähili? Siz onda nirede ýazga durduňyz?

Bahar: Biziň propiskamyz öňki ýaşaýan ýerimizde, ýagny häzirki “Disneý Landiň” duran ýerinde galdy. Diýjek bolýanym, biziň häzirki hasapda duran köçämiz düýbünden ýok.

Azatlyk Radiosy: Bahar, başga-da şeýle ýagdaýlara duçar bolan adamlar barmy?

Bahar: Hawa, biziň köp sanly ozalky goňşularymyz hem şeýleräk ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Käbirlerine degişlilikde has ulurak meýdanly jaýlar berlen bolsa-da, umuman alanyňda adamlar gaty nägile galdylar. Gynansak-da, muňa hiç hili çäre ýok. Hiç kime hiç zady düşündirip hem bolanok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG