Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suha: Arafat poloniý bilen zäherlendi


Palestinanyň lideri merhum Ýaser Arafatyň aýaly Suha Arafat, Ramalla
Palestinanyň lideri merhum Ýaser Arafatyň aýaly Suha Arafat, Ramalla
Palestinanyň lideri Ýaser Arafatyň aýaly Sweýsariýanyň sud barlaglary 2004-nji ýylda aradan çykan Arafatyň radioaktiw poloniý serişdesi bilen zäherlenendigini görkezdi diýdi.

Suha Arafat çarşenbe güni eden çykyşynda adamsynyň ölüminiň “syýasy kast edişlik” bolandygyny belledi.

“Munuň jogaby Palestinanyň hökümetiniň edara jaýlary bolan Mukatada ýatyr. Meniň adamym ömrüniň soňky üç ýylyny şol ýerde gabawda geçiripdi. Men Derňew komitetiniň başlygy Tawfik Tirawiniň bu masgaraçylykly jenaýata kimiň gatnaşandygyny derňemäge taýýardygyna ynanýaryn. Bu kast edişlik saýlanan lidere garşy syýasy kast edişlikdir” diýip, Ýaser Arafatyň aýaly aýtdy.

Derňewiň netijeleri

Ekspertler topary geçen ýyl Arafatyň Günbatar kenardaky Ramalla şäherinde ýerleşýän guburyny açyp, zäherlenme baradaky çaklamalary barlamak üçin, onuň jesedinden synag böleklerini alypdy.

Sweýsariýanyň sud ekspertleriniň toparynyň hasabaty sişenbe güni Suha Arafata gowuşdy.

Ol “bizde Arafatyň öldürilendigi barada ylmy tassyknama bar” diýip belledi.

“Men Dawid Barkly bilen gepleşdim. Halkara sud barlaglary boýunça örän abraýly hasaplanýan bilermen şeýle diýdi: “Hawa, şübhesiz, bu onuň çaýyna ýa kofesine, ýa-da onuň suwuna garylan bolmagy mümkin, muny onuň ýanynda bolanlardan kimdir biri edip bilerdi. Şeýlelikde, gynansak-da, muňa şübhe ýok, bu onuň töweregindäkilerden biri bolmaly”, diýip Suha Arafat aýtdy.

Ýaser Arafatyň aýaly öz adamsynyň zäherlenmeginde hiç kimi aýyplamady. Ol Palestinany Azat ediş Guramasynyň uzak wagtlap lideri bolan Arafatyň duşmanlarynyň köp bolandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de, Suha Ysraýylyň Arafaty “parahatçylygyň öňündäki böwet” diýip atlandyrandygyny belledi.

Palestinanyň resmileri Arafaty zäherlemekde köp wagtlap Ysraýyly aýyplap gelýärler. Ysraýyl bu aýyplamalary ret edýär.

Fransiýanyň resmileri Arafatyň ölümi boýunça derňewleri 2012-nji ýylda başladylar. 75 ýaşynda aradan çykan Arafatyň janyna 40-dan gowrak kast ediş synanyşygynyň bolandygy habar berilýär.

Suha Arafatyň “Reuters” agentligine aýtmagyna görä, ol öz gyzy Zahwa bilen bilelikde Fransiýada we beýleki ýurtlarda sud işlerini gozgap, günäkärler jogapkärçilige çekilýänçä hereket etmekçi.
XS
SM
MD
LG