Sepleriň elýeterliligi

Ebadi “umumyhalk barlyşygyna” çagyrýar


Nobel parahaçylyk baýragynyň eýesi Şirin Ebadi, Warşawa, 21-nji oktýabr, 2013.

Nobel parahaçylyk baýragynyň eýesi Şirin Ebadi, Warşawa, 21-nji oktýabr, 2013.

Adam hukuklaryny goramak ugrunda bitiren işleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolan eýranly aktiwist Şirin Ebadi Eýranyň jedelli ýadro programmasyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretjek bir kampaniýa badalga berdi.

Bu kampaniýa Eýrandaky jedelli ýagdaýyň diňe bir syýasat bilen dahylly däldigine ünsi çekmegi maksat edinýär.

Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi Eýran bilen baglanyşykly täze başlangyçlara ýol açdy. Onuň täze inisiatiwasy ýurduň ýadro programmasy barada eýran halkynyň arasynda cekişme, piker alşyk geçirmegi maksat edinýär.

Onuň aýtmagyna görä, Eýranyň ýadro meselesi diňe bir syýasy mesele bolman, eýsem syýasatdan has aňyrda, has derwaýys meselelere öz täsirini ýetirýär.

Ol 5-nji noýabrda internetde ýaýradan şikaýat arzasynda şeýle belleýär: “Eýranyň ýadro programmasy gönüden-göni halkyň gündelik durmuşyna öz täsirini ýetirýär we agzalýan mesele umumyhalk aladasydyr.”

Umumyhalk barlyşygy we ýadro energiýasy

Eýranyň içinde we ýurduň daşynda ýaşaýan 300-den gowrak inteligensiýa wekili we aktiwistler Ebadiniň arzasynyň aşagyna gol goýdular.

Adam hukuklaryny goramak boýunça aktiwist, ozalky hukukçy Şirin Ebadi täze inisiatiwasynyň maksatlary barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde giňişleýin gürrüň berdi we ol özüniň badalga beren täze başlangyçlaryny “Umumyhalk barlyşygy we ýadro energiýasy” diýip atlandyrandygyny aýtdy.

“Meniň bu kampaniýa badalga bermekdäki baş maksadym, ýadro energiýasy dogrusynda adamlaryň öz pikir-garaýyşlaryny ylmy, ykdysady we ekologiki jähtden ele alyp, agzalýan ugurlaryň peýdalary we zyýanlary barada halk arasynda maslahat geçirmegi üpjin etmekden ybarat. Ynha, şondan soň hökümetiň ýadro syýasatynyň zerurdygy ýa-da däldigi barada netijä gelmek adamlaryň özlerine bagly bolar.”

Eýranda adam hukuklaryny goramak boýunça bitiren işleri üçin 2003-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan Ebadi, Eýranyň daşynda pars dilinde maglumat taýýarlaýan we halka ýetirýän habar serişdeleriniň, websaýtlarynyň we sosial mediýanyň ýadro meseleleri baradaky çekişmä ýakyndan ýardam bermeklere garaşýandygyny hem belläp geçdi.

Eýran režiminiň basyşyna sezewar bolan Ebadi 2009-njy ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşaýar. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň içindäki senzura şeýle pikir alyşmanyň ýurt içinde geçirilmegine mümkinçilik bermeýär.

Eýranyň häkimiýetleri özleriniň alyp barýan ýadro programmalarynyň durmuş maksatlydygyny aýdyp, bu syýasatyň eýran halky tarapyndan giňden goldanylýandygyny öňe sürdiler. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýiti basyşlara sezewar bolan Tähran “Ýadro Enregiýasy Biziň Aýrylmaýan Hukugymyz” diýen şygary halk arasynda ýaýbaňlandyrdy.

Ýadro meselesi zenzura edilýär

Ebadiniň şikaýat arzasyny goldaýan “Serhetsiz reportýorlar” birleşigi Eýran hökümetiniň ýadro meseleleri bilen bagly habar serişdelerinde berilýän maglumatdyr çykyşlaryň senzuradan geçriýändigini aýdýar.

“Žurnalistlere ýadro meseleleri bilen bagly habarlaryň ählisini bolşy ýaly halka ýetirmeklik gadagan edilýär. Mysal üçin, “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň” ýygnaknamalary we teswirnamalary, 5+1 topary bilen, ýagny Hytaý, Fransiýa, Orsýet, Britaniýa, Birleşen Ştatlar we Germaniýa bilen Eýranyň gelen ahyrky ylalaşyklary baradaky habarlar, hatda ýadro energiýasynyň ekologiýa ýetirýän täsiri we ýadro energiýasyny öndürýän desgalaryň bahalarynyň näçedigi baradaky maglumatlaryň hiç haýsysy ýurduň içindäki habar serişderlerinde agzalmaýar” diýip, Fransiýanyň metbugat serişdeleri boýunça synçy topary 5-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda aýdýar.

Howp-hatarlar halkdan ýaşyrylýar

Ebadiniň aýtmagyna görä, 2005-nji ýyldan bäri Eýranyň döwlet eýeçiligindäki media toparlaryna ýadro programmalary barada diňe resmi beýanatlary ýaýratmaga rugsat berilýär.

“Ýagdaý şeýle bolansoň, ýadro programmalarynyň ekologiýa, ykdysadyýete ýetirýän peýdalary we zyýanlary barada halk arasynda açyk maslahatlar geçirilmedi” diýip, Ebadi belleýär.

“Eýranda höküm sürýän aşa ýiti senzura sebäpli, mysal üçin, köp adam Buşehrdäki ýadro desgasynyň ýerleşýän ýeriniň göwnejaý däldigini hem bilmeýär. Köp adam bu desganyň ýer sarsgynlarynyň gönezligi bolan üç sany howply çyzga golaý ýerde ýerleşýändigni bilmeýär. Indi hökümet täze bir ýadro desgasyny gurmagy maksat edinýädigini aýdýar. Bu eýsem halkyň peýdasynamy? Şular ýaly meselelere dürli nukdaýnazardan çemeleşmeli.”

Eýranly resmiler Buşehr ýadro stansiýasyna ýer sarsgyny bilen bagly hiç hili howpuň abanmaýandygyny aýtdylar.

66 ýaşly Ebadi häkimiýetler halkyň talabyna gulak asmasalar-da, olar bolup geçýän zatlar barada eýranlylary habarly etmäge borçly diýdi.

“Gynansagam, eýran häkimýetleri halkyň sesine gulak salmaýarlar. Ýöne bu diýmeklik “halky tümlige gabap bolar” diýmeklik däl ahyryn. Biz “gyzyl çyzyklardan” geçip, söz azatlygynyň örüsini giňeltmek isleýäris.”

Belli reformaçy we ozalky içeri işler ministri Abdullah Nuri geçen ýyl, ýurduň alyp barýan ýadro programmalarynyň ykbaly barada belli bir netijä gelmek üçin, eýran häkimiýetlerini referandum geçirmäge çagyrdy. Nuriniň aýtmagyna görä, Eýrandaky “zyýanly netijeler, çekilen jebirler we basyşlar” indi çenden doly aşdy we kabul ederliksiz derejä baryp ýetdi.

Eýranyň döwlet eýeçilgindäki habar serişdeleri Abdullah Nuriniň eden çagyryşyny alga almadylar.

Soňky ýyllarda käbir eýranlylar ýadro meseleleri barada sosial platformalarda pikir alyşýarlar.

Köp sanly adam ýurduň ýadro programmasyny goldaýandygyny aýtsa-da, ýene şonça adam ýadro energiýasynyň zerurdygyny ýa-da däldigni sorag astyna alýar.

Has zerur hukuklar

Bir eýranly ýurduň daşary işler ministri Jawad Zarifiň Facebook sahypasyndaky resmi beýanatlarynyň aşagynda şeýle teswir galdyrypdyr:

“Ýadro energiýasy biziň aýrylmaz hukugymyz, ýöne eýran halkynyň ondan hem has wajyp hukuklary bar. Stresden azat durmuşda ýaşamak biziň aýrylmaz hukugymyz. Sagdyn iýmit we sagdyn howa biziň aýrylmaz hukugymyz. Halkyň iş üpjünçiligi we degişli aýlyk haklarynyň tölenmegi adamlaryň aýrylmaz hukugy. Psihiki we sosial howpsuzlygy biziň aýrylmaz hukugymyz. Söz azatlygyna eýe bolmak biziň aýrylmaz hukugymyz” diýip, Facebook ulanyjysy öz teswirinde ýazypdyr.

Şeýle-de ol Eýranyň ýadro meseleleri boýunça ýörite toparyna günbatar bilen geçiriljek gepleşiklerde üstünlik arzuw edýändigni aýdypdyr.

Eýranly wekiller ýadro meseleleri boýunça parahatçylykly ylalaşyga barmak üçin şu hepde günbatarly resmiler bile duşuşarlar.
XS
SM
MD
LG