Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Baş prokuror çekilýär


Gürüstanyň baş prokurory işden çekilmek barada karara gelendigini yglan etdi.

Arçil Kbilaşwili penşenbe güni Tbiliside žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda öz kararynyň 17-nji noýabrda täze saýlanan prezident Giorgi Margwelaşwiliniň innagurasiýasyndan soň güýje girjekdigini aýtdy.

2012-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gürjüstanyň Baş prokurory wezipesinde işleýän Kbilaşwili soňky ýyl prokuraturanyň syýasatdan aýrylmagy üçin geçiş döwri boldy diýdi.

Şeýle-de Kbilaşwili ýakynda wezipesinden we syýasatdan çetleşýändigini yglan eden premýer-ministr Bidzina Iwanişwilä eýerýändigini sözüne goşdy.

Gürjüstanda 27-nji oktýabrda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Margwelaşwili premýer-ministr Iwanişwiliniň ýakyn ýaranydyr.

Kbilaşwili ýurduň baş prokurory bolup işlän döwri wezipesi tamamlanyp barýan prezident Mihail Saakaşwiliniň ençeme ýakyn ýarany tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG