Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Gurluşyklara zerurlyk sorag astynda


Aşgabatda bir ýoluň gyrasy.

Aşgabatda bir ýoluň gyrasy.

Türkmenistanda ýene bir topar uly gurluşyk işleriniň amala aşyryljagy habar berilýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, prezident G.Berdimuhamedow çarşenbe güni (6-njy noýabrda) «Ruhyýet» köşgünde türkmen paýtagtynyň sosial we ýol-transport infrastrukturasyny we milli syýahatçylyk zonasy «Awazanyň» binalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak baradaky proýektler bilen tanyşdy.

Mnistrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň prezident Berdimuhamedowa beren anyk hasabatyndan görnüşine görä, Aşgabatda 12 köçäniň döwrebaplaşdyrylmagy nazarda tutulýar.

Ol köçeleriň umumy uzynlygy 59 km-den gowrak bolar. Şeýle-de bu proekt 18 sany köpriniň, 39 sany ýerasty geçelgäniň, 15 sany ýerüsti geçelgäniň gurluşygyny öz içine alýar.

Şeýle-de prezidentiň täze gurulmaly köp zolakly halkalaýyn ýollaryň gurluşygynyň taslamalary, paýtagtdaky desgalaryň ýerleşiş tertibiniň, çatryklaryň we olar bilen ugurdaş düzümleriň çyzgylary we taslamalary bilen tanşandygy aýdylýar.

Bulardan başga, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetiniň paýtagtda gurulýan täze binasynyň daşky görnüşlerini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny öz içine alýan taslamalary gözden geçiripdir.

Şeýle-de ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmakçy bolýan kottežleriň we ýahta klublarynyň taslamalary bilen tanşypdyr.

Baş maksat - abadançylyk

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda bu gurluşyklaryň näçe serişdä düşjekdigi, olaryň şu günki gün nä derejede zerurdygy aýdylmaýar. Ýöne türkmen telewideniýesi prezidentiň «biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady bu ähli babatda adamlaryň, jemgyýetiň, her bir raýatyň abadan durmuşy bolup durýar» diýendigini habar berýär.
Täze gurlan "Ýyldyz" hoteli, Aşgabat, 16-njy oktýabr, 2013

Täze gurlan "Ýyldyz" hoteli, Aşgabat, 16-njy oktýabr, 2013


Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, soňky alty-edi ýylda Aşgabatda hususy ulaglaryň sany birden köpeldi we bu ýagdaý ýollaryň dogrudanam dardygyny, şol bir wagtda ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň hem zerurdygyny görkezdi. Munuň üstesine, syýasy-köpçülik çäreleri, baýramçylyklar, prezidentiň ýa daşary ýurt delegasiýalarynyň ýoldan geçmegi bilen baglylykda ýollaryň ýapylmagy hem paýtagtlylara uly kynçylyk döredýär diýip, gowuşýan habarlarda aýdylýar.

Şol bir wagtda paýtagtda gurlan käbir ýerasty ötükleriniň kän ulanylmaýandygy, şäheriň ilersinde gurlan uly ýollaryň bolsa köplenç boş ýatandygy aýdylýar.

"Çalt we köp pul sowmaly"

16-njy oktýabrda Waşingtondaky Jorj Waşington uniwersitetinde Türkmenistana bagyşlanyp geçirilen seminarda çykyş eden Maýls Smitiň pikirine görä, häzir Türkmenistanda gurluşyga harçlanýan jemgyýetçilik puly ummasyz kän bolup, oňa birbada ynanmak hem kyn. Ol diňe bir blok jaý radiusyndaky parkda 650 sany köçe çyrasynyň oturdylandygyny aýdyp, «olar çalt we mümkin boldugyça kän pul sowmaga çalyşýan ýaly görünýär» diýdi.

Şeýle-de Smit, ýurtda maşyn köpelen hem bolsa, Aşgabadyň töwereginde gurlan uly ýollara entek zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.

«Uly ýollar bir-biriniň gapdalyndan gurulýar. Bu Arçabil şaýoly, birnäçe ýyl öň gurlan, indi bolsa onuň gapdalyndan, çärýek maýl uzaklykdan Çandybil şaýoluny gurdular, bu 12 hatarly ýol, onuň bir maýl uzaklygynda bolsa ýene bir 12 hatarly ýol bar. Siz satalitden bu ýollaryň hiçisinde hiç bir ýerde ulag ýokdugyny görersiňiz» diýip, Türkmenistanda iki ýyl ýaşan we geçen ýyl Aşgabada sapar eden amerkan spesialisti aýtdy.


Jaýy ýykyljaklaryň aladasy

Aşgabatda planlaşdyrylýan täze gurluşyklaryň, ozal hem bolşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň üstünden düşmegine, bir topar maşgalalaryň gyssagly jaýlaryndan çykarylyp, başga ýerlere göçürilmegine getirmegine garaşylýar.

Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende adamlaryň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmaly däldigini, jaýy ýykylmaly adamlara öňünden ozalkysy ýaly jaý berilmelidigini aýdypdy. Ýerli synçylar bu meselede S.Nyýazow döwründäkä garanda ilerlemeleriň bardygyny, ýagny göçürilýänlere nähilem bolsa bir jaý berilýändigini aýdýarlar.

Emma Jorj Waşington uniwersitetinde Türkmenistan barada çykyş eden Maýls Smit öz aşgabatly dostunyň ýykylan maşgala howlusyna derek ne jaý, ne-de kompensasiýa alyp bilendigini aýdýar.

Sebäbi, Smitiň aýtmagyna görä, onuň dostunyň ýaşaýan howlusy ozal Ahal sebitine degişli bolup, soň Aşgabat şäherine geçirilipdir we, «dokumentlerňiz düzüw däl» diýip, olara jaý berilmändir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG