Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Täjigistanda hakyky saýlaw şerti bolmady


ÝHHG-niň gözegçileri Täjigistanyň prezidentlik saýlawlaryndan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda, Duşenbe, 7-nji noýabr, 2013

ÝHHG-niň gözegçileri Täjigistanyň prezidentlik saýlawlaryndan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda, Duşenbe, 7-nji noýabr, 2013

Halkara synçylarynyň topary penşenbe güni Täjigistanyň häzirki prezidenti Emomali Rahmona ýeňiş getiren saýlawlarda pikir we saýlamak azatlyklarynyň çäklendirilendigini aýtdy.

Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň penşenbe güni irden yglan etmegine görä, 61 ýaşly Rahmon çarşenbe güni geçirilen saýlawlarda sesleriň 83.6 %-tini toplapdyr.

ÝHHG-niň gözegçiler missiýasynyň ýolbaşçysy Gordana Komiç “asuda we parahat geçirilen bu saýlawlarda saýlamak üçin hakyky mümkinçilikleriň bolmandygyny” belledi.

Halkara guramalarynyň bahalary

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň geňeşçisi we ÝHHG-niň Täjigistandaky gözegçiler missiýasynyň agzasy Andreas Baker AÝ/AR-sy bilen söhbetdeşliginde prezidentlik saýlawlarynyň geçirilişi bilen bilelikde saýlaw kampaniýasynyň dowamynda-da köp pikirliligiň we saýlamak üçin hakyky şertleriň bolmandygyny belledi.

Halkara synçylary Rahmonyň häkimiýet başynda bolmagyndan peýdalanandygyny belläp, ýerli habar serişdelerinde Rahmonyň resmi hereketleri barada köp maglumatyň berilmeginiň onuň ähmiýetini artdyrmak üçin goşant bolandygyny aýtdylar.

Rahmona bäsdeş bolan beýleki bäş dalaşgär köp tanalmaýan we hökümetiň syýasatyny tankyt etmekden saklanýan syýasatçylar bolup çykdy. Rahmona hakyky bäsdeş bolup biljek oppozision dalaşgär bolsa resmi hasaba alynmandy.

ÝHHG özüniň ilkinji beýannamasynda resmi düzgünlerdäki çäklendirmeleriň, şol sanda potensial dalaşgärleriň hasaba alynmagy üçin örän köp gol toplamak baradaky talabyň” dalaşgärleriň hasaba alynmak mümkinçiliklerini çäklendirendigini belläpdi.

Täjigistanyň oppozisiýasynyň ýeke-täk dalaşgäri Oilnihol Bobonazarowa talap edilen möçberde ses toplap bilmänsoň, resmi hasaba alynmandy.

GDA döwletleriniň gözegçiler missiýasynyň başlygy Sergeý Lebedew Täjigistandaky saýlawlaryň ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň örän ýokary bolmagynda geçirilendigini makullady. Resmi maglumatlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 86.6% bolandygy aýdyldy.

Lebedew käbir saýlaw nokatlarynda köp bolmadyk düzgün bozmalaryň ýüze çykandygyny aýtdy, emma ol bu ýagdaýyň saýlawlaryň netijelerine uly bir täsir ýetirmändigini belledi.

ÝHHG-niň missiýasynyň gözegçisi Andreas Bakeriň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ses berijileriň tutuş maşgalasynyň adyndan ses bermegi, şeýle-de goşmaça býulletenleriň saýlaw gapyrjaklaryna taşlanmagy bilen bagly wakalaryň ençemesi hasaba alnypdyr.

Oppozisiýanyň garaýşy

Oppozision Sosial-demokratik partiýasynyň lideri Rahmatullo Zoirow öz partiýasynyň saýlawlaryň netijelerini inkär edýändigini we Emomali Rahmony ýeňiş bilen gutlamaýandygyny mälim etdi.

Zoirow Rahmonyň hökümetiniň ýurtda ykdysady, syýasy we sosial ýagdaýy özgertmäge we reformalary geçirmäge ukypsyzdygyny aýtdy.

Resmi hasaba alynmadyk oppozision dalaşgär Bobonazarowa saýlawlary “saýlaw resmileri we dalaşgärler tarapyndan amala aşyrylan tomaşa”, diýip atlandyrdy.

Bobonazarowa Rahmona bäsdeş bolan dalaşgärler resmi hasaba durmak üçin 210 müň ses toplan bolsalar, olaryň näme sebäpden saýlawlarda şonça ses gazanyp bilmändigine geň galandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG