Sepleriň elýeterliligi

Suw bolçulygyndaky teşnelik


Tagtabazar, ýapdan suw daşaýan adam

Tagtabazar, ýapdan suw daşaýan adam

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen mejlisinde prezident G.Berdimuhamedow geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny umuman goldaýandygyny, ýöne ýurduň etraplaryndaky ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, ilkinji nobatda hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmäge uly üns bermelidigini aýtdy.

Eýsem Türkmenistanda agyz suwy meselesinde nähili kynçylyklar bar? Bu meseläni nähili ýagdaýda has çalt we netijeli çözüp bolar?

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar Nurberdi Nurmämmet, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, žurnalist Soltan Açylowa gatnaşdy.

Belki siz hem söhbeti diňläp, aýtjak-diýjek zatlaryňyzy başgalar bilen paýlaşarsyňyz. Azatlyk Radiosynyň açyk pikir alyşma üçin döredýän mümkiçiligini duşdan geçirmäň!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG