Sepleriň elýeterliligi

Bahar: "Mejbur edildigiçe beteri çykýar"


Türkmen talyp gyzlary

Türkmen talyp gyzlary

Türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky çäklendirmeler olaryň durmuşynda her ädimde diýen ýaly ýüze çykýandygy aýdylýar.

Meselem, elinde daşary ýurtda okaýar diýen haty ýa-da ýanynda ejesi ýa kakasy bolmasa ýaş gyzlaryň daşary ýurtlara çykarylmazlygy, talyp oglanlaryň sakal goýberip ýa-da saçlaryny ösdürip, talyp gyzlaryň bolsa makiýaž ulanyp okuwa barmagyna rugsat berilmezligi, talyplaryň ýokary okuw jaýlaryna ulag sürüp bamagyna bolan gadagançylyklar şol çäklendirmelerden diňe käbirleri.

Azatlyk Radiosy ýaşlaryň durmuşyndaky şol çäklendirmeler hakda ýokary bilimini dürli ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly talyplar Bahar we Azat, şeýle-de Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG