Sepleriň elýeterliligi

ABŞ emeli ýaglary gadagan etjek bolýar


Birleşen Ştatlaryň Azyk we derman adminstrasiýasy penşenbe güni, ýürek keseliniň töwekgelligine salgylanyp, kökelerden başlap doňdurylan pizzä çenli, işlenen azyk önümleriniň bir toparynda emeli trans-ýaglaryň ulanylmagyny gadagan etmegi teklip etdi.

Azyk we derman adminstrasiýasy trans-ýaglaryň ulanylmagynyň azaldylmagy ýylda 7 müň adamyň ýürek keselinden ölmeginiň öňüni alyp biler diýýär.

Şweýsariýa, Daniýa ýaly birnäçe ýurt bu ýaglaryň ulanylmagyny gadagan etdi, beýleki bir topar ýurt bolsa oňa berk çäklendirme girizdi.
XS
SM
MD
LG