Sepleriň elýeterliligi

Yrak hüjümlerinde 30 adam öldi


Penşenbe güni Yrakda bolan hüjümlerde azyndan 30 adam öldürildi.

Bagdadyň demirgazygynda, Tarimiýah şäherindäki harby bazada janyndan geçen bombaçylaryň goşa ulagy partlatmagy netijesinde 19 esger öldürildi.

Karbala barýan ýolda zyýaratçylara azyk, nahar hyzmatyny edýän çadyrda bolan partlama dört adamy öldürdi.

Ana şäherinde hem janyndan geçen bombaçynyň 3 esgeri öldürendigi aýdylýar.

Demirgazykdaky Mosul şäherinde bir bazarda partladylan bomba bolsa iki adamy öldüripdir.

Şu ýyl Yrakda 5 ýarym müňden gowrak adamyň öldürilendigi, diňe oktýabrda müňe golaý adamyň wepat bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG