Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kadrlar çalşyldy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow penşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýyş ugrunda on aýyň dowamynda edilen işleriň jemine seretdi.

Mejlisiň barşynda ýurduň serhet gullugynyň ýolbaşçy düzümindäki guramaçylyk meselelerine seredildi diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Resmi maglumata görä, podpolkownik Şiriýew «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň ýaraglanyş we tehnika boýunça orunbasary wezipesinden boşadylypdyr.

Emma onuň «işde goýberen düýpli kemçilikleri» barada hiç bir anyk zat aýdylmaýar.

Başga-da birnäçe kadryň ýeri çalşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG