Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Nyýazowdan "arassalanýar"


1948-nji ýylyň ýer titremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna dikilen monument sökülýär.

1948-nji ýylyň ýer titremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna dikilen monument sökülýär.

Paýtagt Aşgabadyň simwolyna öwrülen monumentler toplumyndan ýene biri sökülýär. Sökülmeli edilen obýektler Aşgabadyň taryhy merkezinde ýerleşýän we öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bina edilen monumentler toplumydyr.

1948-nji ýylyň ýer titremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna dikilen monument sökülýär

1948-nji ýylyň ýer titremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna dikilen monument sökülýär

Şol toplumdaky ýadygärliklerden biri, 1948-nji ýyldaky ýertitremede wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan öküzli ýadygärlikdir. Bu ýadygärlikde ýer togalagyny şahynda göteren öküz, yranan ýerde öz çagasyny, ýany kiçijik Saparmyrat Nyýazowy halas edýän ene şekillendirilen.

Bu ýadygärligiň golaýynda Gurbansoltan ejäniň (Nyýazowyň ejesiniň) hormatyna gurlan “Ene mähri” ýadygärligi, ýadygärlikler toplumynyň öz adyny göterýän bölegindäki Atamyrat Nyýazow heýkeli, şol parkda Nyýazowyň doganlarynyň hormatyna gurlan heýkeller hem yumrulmaly ýa göçürilmeli edilen monumentleriň hatarynda.

Meňzeşlik

S.Nyýazowyň doganlaryna bagyşlanan monument

S.Nyýazowyň doganlaryna bagyşlanan monument

Soňky ýyllaryň dowamynda göçürilmeli ýa ýumrulmaly edilen ýadygärlikleriň arasynda bir meňzeşlik bar. Ol hem şolaryň aglabasynyň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe gurlup, olaryň bir tarapynyň öňki prezidentiň maşgalasyna baglanyşmagydyr.

Häzirki aýrylýan monumentler toplumy, soňky ýyllaryň dowamynda, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwrüni ýatladýan ýa onuň şahsyýeti bilen baglanşykly ýumrulan ýa şäheriň daşyna çykarylan monumentlerden ilkinjisi däl.

Mundan ozal şu ýadygärlikler toplumynyň golaýynda ýerleşen Bitaraplyk binasy hem sökülip, şäheriň daşyna çykarylypdy. 2010-njy ýylda sökülen şol binanyň depesinde Nyýazowyň güne bakyp aýlanýan altyn çaýylan heýkeli ýerleşýärdi. Bu monoment halk arasynda “Üç aýak” ady bilen meşhurlyk gazanypdy.

S.Nyýazowyň ejesine bagyşlanan monument

S.Nyýazowyň ejesine bagyşlanan monument

Edil häzirki döwürde, Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky olimpiýa stadionyny sökmek işi hem dowam edýär. 30,000 töweregi tomaşaça niýetlenilip 2003-nji ýylda, Nyýazowyň ýurda ýolbaşçylyk edýän döwründe gurlan bu stadion onuň adyny göterýärdi.

Agzalan obýektlerden başga-da, soňky ýyllaryň dowamynda Nyýazowyň döwründe gurlan fontanlaryň hem ençemesi ýumruldy. Bu ýykan-ýumranlygyň sebäpleri hemem olara bolýan çykdaýjylar hakda resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Ilat näme diýýär?

Emma il içindäki gürrüňlerden çen tutulsa, bu Berdimuhamedowyň öňki prezidentiň şahsyýetiniň kölegesinden çykmak üçin edýän aladasyna meňzeýär. Munuň ykdysady täsirini göz öňünde tutmak bilen, käbir paýtagtlylar bu çärä ýürduň serişdesini bisarpa ulanmak hökmünde hem baha berýärler.

2-nji Jahan urşunda pida bolanlaryň hatyrasyna oturdylan monument hem göçüriler

2-nji Jahan urşunda pida bolanlaryň hatyrasyna oturdylan monument hem göçüriler

Olardan biri hem Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň özüni Ýazguly diýip tanadan ýaşaýjysy.

“Öň bu ýadygärlikleri gurmak üçin ummasyz pul sarp edildi. Indi bolsa olary göçürmek ýa-da ýumurmak üçinem ep-esli pul serişdeleri sarp edilýär” diýip, aşgabatly pensioner Ýazguly aga aýdýar.

Nyýazowyň döwründe gurlan monumentleriň we parklaryň ýumrulýan häzirki pursatynda, täze monumentler we seýilgähler hem gurulýar. Olaryň hatarynda esasanam Älem medeni dynç alyş merkezini, Konstitusiýa binasyny we bu iki binanyň aralygynda guruljak parky agzamak mümkin.

S.Nyýazowyň kakasyna gurlan monument

S.Nyýazowyň kakasyna gurlan monument

Häzirki prezidentiň döwründe gurulýan şeýle monumentlerden biriniň gurluşygyna ýakynda başlanar. “Ak şäherim Aşgabat” diýilip atlandyrylýan bu seýilgähiň gurluşygy noýabr aýynda başlanyp, indiki ýylyň noýabrynda tamamlanar.

Täze gurluşyklar barada gürrüň edilende, Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherçesi hakda hem gürrüň edip bolar. Bu proýektiň gurluşygyna jemi 5 milliarad dollara golaý çykdaýjy ediler.

Mundan birnäçe ýyl ozal gurlan “Oguzhan” köşgi hem täze salnan binalardan biri. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň, Nyýazowyň saldyran prezident köşgüni ulanman, onuň golaýynda täze köşk toplumyny saldyrypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG