Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Eýran bilen gepleşikler depginli barýar


ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýk Mann, Ženewa, 7-nji noýabr, 2013

ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýk Mann, Ženewa, 7-nji noýabr, 2013

ÝB-niň metbugat wekili dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň we Eýranyň arasynda ýadro meseleleri barada barýan gepleşikleriň üstünde “örän ykjam işlenýändigini” aýtdy.

ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýk Mann anna güni öňegidişlik gazanylýar diýdi.

Sanksiýalaryň gowşamagyna garaşylýar

Mannyň bu çykyşy Eýanyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň wekilleriniň Ženewada geçirýän gepleşiklerine gabat geldi. Gelinjek ylalaşygyň Eýranyň gapma-garşylykly ýadro programmasyny belli bir derejede çäklendirip, Tährana garşy ykdysady sanksiýalary gowşatmagyna garaşylýar.

Ak Tamyň penşenbe güni eden beýanatyna görä, eger Tähran öz ýadro programmasyny togtamak ugrunda takyk ädimleri ätse, Eýran bilen gepleşik geçirýän ýurtlar Tährana garşy bar bolan käbir sanksiýalary gowşatmaga taýýar.

Emma agzalýan ylalaşyga degişli detallaryň hiç biri mälim edilmedi.

Dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň 5+1 diýlip atlandyrylýan toparyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agasy ABŞ, Orsýet, Fransiýa, Britaniýa we Hytaý, şeýle-de Germaniýa girýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen Ierusalimde geçiren duşuşygyndan soň Ženewadaky maslahata goşuldy.

Ysraýyl garşy çykýar

Netanýahu Eýrana garşy sanksiýalaryň gowşadylmagy boýunça islendik ylalaşyga Ysraýylyň çürt-kesik garşy çykyş edýändigini aýtdy we Ysraýylyň özüni we öz halkynyň howpsuzlygyny goramak üçin elinden gelen tagallany etmek niýetini mälim etdi.

Ženewadaky gepleşiklere Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleri Laurent Fabiusyň, Guido Westerwelleniň we William Heýgiň gatnaşýandygy barada habar berildi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Moskwada eden çykyşynda aýtmagyna görä, Ženewadaky gepleşikleriň netijesinde Eýranyň ýadro programmasynyň daşyndaky gapma-garşylygyň soňuna çykmak üçin esas bolup biljek ylalaşyga gelinmegi ähtimal.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Sergeý Lawrowyň Ženewadaky gepleşiklere gatnaşmajagyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG