Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial websahypalaryň logoptipleri

Sosial websahypalaryň logoptipleri

Internet, bütin dünýädäki ýaly giňden bolmasa-da, Türkmenistanda-da belli bir derejede peýdalanylýar. Elbetde, Türkmenistanda Youtube we käbir beýleki websahypalary açmagyň kyndygy täzelik däl. Bu hem hökümetiň alyp barýan syýasaty we internetiň hiliniň pesligi bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurtda hödürlenýän internet hyzmatyny göz öňünde tutanymyzda, türkmenistandaky ulanyjylaryň köpüsiniň internetde, esasan, Wechat, ”Agent.ru”, Twitter, ”Vkontakte”, ”Moymir”, ”Ertir.com” ýaly sosial saýtlardan ýa-da programmalardan peýdalanýandygyny çaklamak o diýen kyn däl.

Şeýle programmalardan ýene biri hem Whatsapp ulgamydyr. Bu programmany ulanyjylar bir-birlerine hat ýazmak bilen birlikde surat, wideo we audio ýazgylary ugradyp bilýärler. Maglumatlara görä, 2013-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Whatsappy ulanyjylaryň sany 350 milliona ýetipdir.

Ýöne ýakynda “Blackberry” kompaniýasynyň ”Blaсkberry messanger” programmasyny Android we IOS-da köpçülige hödürlemäge başlamagynyň Whatsappy kyn ýagdaýa salýandygy barada ”Türkiýegazetesi.com.tr” websahypasynda habar berilýär.

Websahypada bellenmegine görä, Whatsapp programmasynyň 350 million ulanyjysy bolsa-da, BBM-niň has ýokary hilli ses we wideo mümkinçilikleri bermegi, üstesine-de, olary mugt hödürlemegi Whatsappy kyn ýagdaýa salýar. Wechat programmasynyň yza gaýtmagyna sebäp bolýan ýagdaýlardan ýene biri onuň tölegli boljakdygy barada soňky bir ýylyň dowamynda çykan habarlar hem bolmagy mümkin diýlip websahypada bellenilýär.

Şeýle-de, ulanyjylarynyň sany awgust aýynda 235 milliona ýeten Hytaýyň WeChat, Ýaponiýanyň her aýda 200 million ulanyjy peýdalanýan LINE programmalarynyň meşhurlygynyň artmagy hem Whatsappy kyn ýagdaýa salýan sebäplerden biridir.

Eýse, soňky hepdäniň dowamynda türkmen ýaşlary haýsy sosial mediadan aktiw peýdalanypdyrlar?

Bu soraga geçen hepdäniň dowamynda türkmen ýaşlarynyň internetde gozgan meseleleri we maslahatlaşan temalary barada maglumat berýän bölümimizde jogap bermäge synanyşarys.

Vkontakte

”Vkontakte” sosial ulgamynda agzalaryň ünsüni çeken iň gyzykly materiallardan biri ulgamyň “Türkmenler” topary tarapyndan paýlaşylan suratdyr. Bu suratda bir türkmen gelniniň kalýan, suwly çilim çekip oturşy görünýär.

31-nji oktýabrda paýlaşylan bu surat 4 sapar gaýtadan çap edilip, 58 sapar hem halanypdyr we oňa jemi 30 teswir gelip gowşupdyr. Bu surat agzalaryň arasynda uly diskussiýa döredipdir.

Meselem, Aýeçka Berdiýewa atly agza “Masgara, toba-toba etdim” diýip, teswir galdyran bolsa, Kadyr Nurmyradow atly agza “Allajan özüň gowusyn edewör, munuň bolup ýörüşini...” diýip, teswir galdyrypdyr. Beýleki bir “Türkmen ler” atly topar bolsa “Burnundan tüsse çykaran bolup betaý” diýip, öz pikirini beýan edipdir.

Güljahan Begnazarowa atly agza “Ynha, muňa ‘dünýäniň soňy’ diýýärler” diýip, teswir galdyran bolsa, Merdan Mämmetdöwletow atly agza “Bular ýaly zady goýma, bilseňem, görkezme ile bir. Gaýrat et, ýygnasaň gowy bolar” diýip, suraty çap eden topara maslahat beripdir. Umuman, bu tema sosial ulgamyň agzalarynyň arasyndaky şeýle teswirler bilen dowam edýär.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda Romantik iz Abada atly agza bilen Didar Kiliç atly agzanyň arasynda bolan gürrüňler agzalaryň ünsüni çeken teswirleriň biri bolupdyr. Romantik iz Abada atly agza “Ýadapdyrynaý şu kursawoýdan ýürege düşüp başlady indä.” diýip paýlaşan tweetine, Didar Kiliç atly agza “120$ gitdi 2 kursawoý üçin” diýip, jogap galdyrypdyr.

Didaryň bu tweetine Romantik iz Abada atly agza “Baý buu biziňki ýagşy ekenlaý onda. Oglanlaň jany sag bolsun kömek etdilerlaý ýöne ýürege düşýädä” diýip, jogap beripdir. Muňa Didar şeýle jogap galdyrypdyr: “Hawa, bizde-de ekonomikadan arzan ýöne başgasy bar şo gymmat” diýip, tweet paýlaşypdyr. Bu iki agzanyň arasynda bolan gürrüňden çen tutulsa, olaryň käbirleri kurs işlerini özleri ýazman, başgalara ýazdyrmaly bolupdyrlar.

Twitterde “Türkmençe Ýaz” jümlesiniň öňünden “haş täg” alamaty goýlup ýazylýan tweetleriň hem meşhurlygy dowam edýär. Bu sosial ulgamda ýakynda döredilen toparlaryň ýene biri - “Ýaş Wagtym”. Bu topar esasan-da, “Ýaş wagtym” jümlesiniň öňünden “häş täg” alamatyny goýup, ýaşlaryň durmuşyna, olaryň özlerini alyp barşyna, edim-gylymlaryna degişli sözlemleri paýlaşýar.

Olaryň arasynda “Biz ýaşlaryň öýüň içindäki energiýasy "arassala" sözüni eşitýänçäk dowam edýär. #ÝaşWagtym” diýen ýaly tweetler, şeýle-de Azat Rahmanow atly agzanyň “Günortan ýatylýan wagty, ejesi ýatansoň, ýuwaşlyk bilen gaçyp oýnamaga çykyp gidenler el galdyrsyn. :) #ÝaşWagtym” diýen tweeti bar.

Ertir.com

“Ertir.com-da” geçen hepdäniň dowamynda iň köp okalan temalardan biri sosial ulgamyň Dawid atly agzasy tarapyndan gozgalan “Türkmen futboluna degişli 10 sany sorag! (Jogaplary ilkinji dogry ýazana 20 sany sowgat)” diýip paýlaşan sorag görnüşindäki temasydyr.

31-nji oktýabrda gozgalan bu tema 5-nji noýabra çenli jemi 1420 gezek okalyp, oňa 155 sany teswir gelip gowşupdyr we 29 sapar hem halanypdyr.

Temadaky 10 soragyň arasynda “Aziýanyñ kubok ýaryşy 2000-2001 Balkan 1:0 Kaýrat duşuşygynyñ ýeke täk golynyñ awtory?, HTTU FK-nyñ tälimçisi Ý.Hojageldiýew futbol oýnan mahaly näçe gezek Türkmenistanyñ çempiony boldy?” ýaly soraglar bar.

Tema dürli jogaplar gelip gowşupdyr. Agzalaryň köpüsi soraglaryň agramly bölegine dogry jogap berip bilse, iki-üç sanysyna dogry jogap tapyp bilmändir. Diňe Zhirkov85tkm atly agza ähli soraglara dogry jogap beripdir. Temany gozgan agza tarapyndan oňa 20 sany sowgat berilýändigi ýazylypdyr. Emma sowgadyň nämedigi barada maglumat berilmändir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG