Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa gazagystanly gaçgagy yzyna iberýär


Ispan sudy Aleksandr Pawlowy Gazagystana ekstradisiýa etmek talabyny tassyk etdi, ol bu ýurtda hüjüm etmegi planlaşdyrmakda aýyplanýar.

Ispaniýanyň Ýokary sudy anna güni aşagrak derejeli bir suduň ekstradisiýa talabyny tassyk etdi.

Pawlow Muhtar Abliýazowyň, BTA bankynyň başlygy bolanda milliardlap dollary ogurlamakda aýyplanýan gaçgak bankiriň baş janpenasy bolupdy.

Gazak häkimiýetleri Pawlow bilen Abliýazowyň hüjüm etmegi planlaşdyrandygyny, emma bu planyň gazak howpsuzlyk güýçleri tarapyndan puja çykarylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG