Sepleriň elýeterliligi

Owgan esgerleri köp öldürilýär


Pentagon şu tomus «talyban» bilen söweş mahalynda öldürilen owgan esgerleriniň sany geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 80 prosente golaý köpeldi diýýär.

Emma muňa garamazdan, Pentagon Owgan howpsuzlyk güýçleri 12 ýyllyk uruşda kynlyk bilen gazanylan sepgitleri hatda NATO güýçleri söweş hatarlaryndan yza çekilen ýagdaýynda-da gorap saklamagy başarjagyny görkezdi diýýär.

Ýöne Pentagon, 2014-nji ýylyň ahyrynda NATO güýçleri çykansoň, owgan güýçlerine berilýän halkara goldawynyň dowam etdirilmelidigini, ýogsa olaryň töwekgellik astyna düşüp biljegini hem duýduryp goýdy.

Şu arada Owganystandaky aprel-sentýabr aralygyndaky koalisiýa ýitgileri tas 60 prosent kemelipdir.
XS
SM
MD
LG