Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran gepleşikleri üçünji güne uzady


Eýranyň ýadro programmasy baradaky halkara aladalaryny ýeňletmegi maksat edinen gepleşikler şenbede üçünji gününe girdi.

Eýranly resmiler we dünýäniň 5+1 diýip bilinýän alty uly döwletiniň, ABŞ-nyň, Orsýetiň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň wekilleri Ženewada maslahat edýär.

Anna güni bu gepleşiklere ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri hem gelip goşuldy.

Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif Kerri we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen duşuşyk öndümli boldy, emma ylalaşyga gelmek üçin köp işlenmeli diýdi.

Şenbe güni bu gepleşiklere Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem goşulmagyna garaşylýar.

Dünýä döwletleri Tähran öz ýadro programmasyny ilerletmegi togtatsa, sanksiýalaryň käbirini gowşatmaga taýýardyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG