Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow gurluşygyň azalmagyny tankytlaýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda ýurduň ykdysadyýetiniň on aýdaky netijelerine seredilendigini habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryny diňläp, «ykdysadyýetimiziň ösüş depgini edil öňküsi ýaly ýokary bolmagynda galýar» diýdi.

Türkmen lideri ýurduň «halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen möçberlerde önümçiligiň ösüş depgini üpžün edildi» diýip pikir edýär.

Ýöne ol «obalarda, şäherlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny giň gerim bilen gurmaly» diýdi we Täze ýyla çenli galan döwürde her ministrligi we pudak edarasyny geljek ýylda ösdürmegiň maksatnamalaryny düzmelidigini aýtdy.

"Iş orunlaryny döretmek möhüm"

Prezident «ähli maksatnamalarda täze iş orunlaryny döretmegiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlemeginiň zerurdygyna» ünsi çekdi. Şeýle-de ol welaýatlary ösdürmek baradaky maksatnamalara häkimler bilen bilelikde seretmelidigini nygtady.

Prezident Berdimuhamedow sözüniň dowamynda «gurluşyk pudagynda geljek ýyl üçin şertnamalaryň az baglaşylandygyny» belledi.

«Gurulýan desgalaryň umumy sany, şol sanda möhüm ähmiýetli desgalaryň, şeýle hem «Awazada» gurulmaly desgalaryň sany hem azalypdyr» diýip, türkmen lideri welaýatlarda köp sanly binalaryň gurlup, ulanylmaga berlendigine garamazdan, olaryň bellenen tertipde kabul edilmändigine hem ünsi çekdi.

Ýurduň on aýlyk ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan hökümet maslahatynyň dowamynda «oba hojalygyndaky özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygy», «şorlaşan ýerleri dikeltmek boýunça işleriň ýaramazdygy», «maldarçylyk boýunça düýpli meseleleriň bardygy» aýdyldy.

Şu ýyl çözülmeli mesele

Ýöne prezident Berdimuhamedow indiki ýyla goýman, hut şu galan wagta çözülmeli bir meselä: Hazaryň kenarynda suw arassalaýjy desgalary gurmak baradaky meselä hem ünsi çekdi we «eger bu meseleler şu ýylyň ahyryna çenli çözülmese, başgaça çäre görmeli boljagyny» duýdurdy.

Mundan başga, türkmen lideri «Aşgabatda we welaýatlarda aragatnaşygyň hiliniň pes bolmagynda galýandygyny» boýun alyp, öýjükli aragatnaşygy we interent ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda maliýe-bank, daşary söwda, eksport meseleleri, sport, mugallym kadrlaryny taýýarlamak, jaýlary husysyýetçilige bermegi çaltlaşdyrmak, nebit-gaz ýataklarynyň gözleglerini çaltlandyrmak, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde kärhana döretmek, giň bilimli we ýokary taýýarlykly ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak, tele-radio ýaýlymlarda baýramçylyklara bagyşlanan täsirli we gyzykly gepleşikleri bermek barada gürrüň edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG