Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýanukowiç Moskwa bardy


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç, iki hepdeden hem az wagt içinde ikinji gezek rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşmek üçin, Moskwa bardy.

Ukrain prezidentiniň websaýty şenbe güni Ýanukowiçiň «noýabryň aýagynda Wilnýusda geçjek Gündogar Partnerlugy sammitinden öň» ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklar barada maslahatlaşmak üçin Moskwada boljagyny aýtdy.

Ukrainanyň bu sammitde Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa şertnamasyny baglaşmagy mümkin. Moskwa bu herekete berk garşy çykýar.

Orsýet Ukrainanyň muňa derek Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa gümrük birleşigine girmegini isleýär.

Ýanukowiç Putin bilen 25-nji oktýabrda, Minskide GDA ýurtlarynyň maslahatynda hem duşuşypdy. Soň olar 27-nji oktýabrda Soçide duşuşdylar.
XS
SM
MD
LG