Sepleriň elýeterliligi

Wenezuela amerikan žurnalistini azat etdi


Wenezuela häkimiýetleri Birleşen Ştatlaryň “Miami Herald” gazetiniň habarçysy bolup işleýän žurnalisti azat etdiler.

Jim Wyss penşenbe güni, Kolombiýa bilen serhediň golaýynda tussag edilipdi.

“Miami Herald” şenbe güni onuň Karakasdaky türmeden boşadylyp, Birleşen Ştatlaryň ilçihana resmilerine tabşyrylandygyny aýtdy.

Gazet onuň dekabrda geçjek ýerli saýlawlardan öň wenezuela ykdysadyýeti barada makala taýýarlamakçy bolandygyny aýdýar.

Wenezuela resmileri žurnalisti näme üçin tutandyklaryny aýtmadylar.
XS
SM
MD
LG