Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany: çaknyşyklarda 2 adam öldi


Saud Arabystanynda bolan çaknyşyklarda iki adam ýogaldy.

Ýurduň resmi habar gullugy bolan SPA ýekşenbe güni şenbede paýtagt Riýadda daşary ýurtly işçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda bir saudlynyň hem şahsyýeti anyklanmadyk bir işçiniň öldürilendigini, 68 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

SPA polisiýanyň şenbe güni agşam Riýadyň Manfuhah atly garyp mähellesinde öz daşlaryna barrikada galdyran pitneçileriň 560-syny tussag edendigini aýtdy.

Polisiýa olary daş zyňmakda we adamlara pyçakly haýbat atmakda aýyplady.

Pitneçileriň köpüsiniň deportasiýa edilmekçi bolýan daşary ýurtly işçilerdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG