Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada «Dünýä gözeli» seçildi


Wenezuelaly Gabriela Aýsler şu ýyl Moskwada geçirilen ýyllyk gözellik ýaryşynda «Dünýä gözeli» diýen ada eýe boldy.

Wenezuela telewideniýesinde diktor bolup işleýän 25 ýaşly Gabriela şenbe güni sudýalar tarapyndan iň owadan gyz diýip kesgitlendi.

Bu Wenezuelaly aýallaryň soňky alty ýylda «Dünýä gözeli» diýen derejäni üçünji gezek alşydyr.

Bu 61 ýyl bäri geçirilýän gözellik ýaryşynyň Orsýetde ilkinji gezek geçirilişidir.
XS
SM
MD
LG