Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Filippin: 10 müň adam öldi diýilýär


Filippin resmileri Haiýan tupanynyň pidalarynyň diňe bir regionda 10 müň çemesi adama ýetmeginiň mümkindigini duýdurýarlar.

Habar gulluklary polisiýanyň uly resmisi Elmer Sorianyň sözlerine salgylanyp, merkezi welaýat bolan Leýtede 10 müň adamyň ölen bolmagynyň mümkindigini ýazýarlar.

Ýogalanlaryň köpüsiniň gark bolandygy ýa-da ýykylan binalaryň aşagynda galandygy aýdylýar. Bu sanlar milli hökümet tarapyndan tassyklanmaýar.

Şeýle-de resmiler Samar adasynyň golaýynda 300 adamyň ölendigini, 2 müň adamyň bolsa tapylmaýandygyny tassyk etdiler.

Bu tupan owalda-ahyrda hasaba alnan iň güýçli gaý bolup, anna güni merkezi Filippin adalarynyň altysynyň içinden geçdi.

Gaý-tupanyň tizliginiň sagatda 275 km bolup, tolkunlaryň beýikliginiň 5, 6 metre ýetendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG