Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: Ženewada ylalaşyk gazanylmady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri metbugat ýygnagynda çykyp gürleýär. Ženewa, 10-njy noýabr, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri metbugat ýygnagynda çykyp gürleýär. Ženewa, 10-njy noýabr, 2013.

Ženewada Eýranyň ýadro programmasy barada üç günläp dowam eden halkara gepleşikleri ylalaşyga gelinmän soňlandy. Emma taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň 10 gün içinde, noýabryň 20-sine dowam etdirilmegine garaşylýar.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius ýekşenbe güni irden, käbir meseleleriň çözülmändigi üçin, ylalaşyga gelnip bilinmändigini aýtdy.

Çözülmän galan meseleler barada anyk zat aýdylmady. Emma Fabius biraz öň Fransiýa Eýranyň plutoniý we uran baýlaşdyrmak işleri bilen bagly berkräk kontrolluga kepillik berilmegini isleýär diýdi.

Käbir habarlarda Fransiýanyň Ženewada eýelän berk liniýasynyň Günbatar döwletleriniň arasynda dartgynlyk döreden bolmagy ahmal diýilýär.

"Örän gowy" gepleşikler

Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif bu gepleşikleri, düşünişmegiň esasynyň goýulmagy hökmünde, «örän gowy» diýip häsiýetlendirdi.

Ol taraplaryň arasynda käbir ylalaşmazlyklaryň bolmagynyň garaşylan zatdygyny, emma özüniň ylalaşyga gelnip bilmezligi sebäpli ruhdan düşmeýändigini aýtdy.

"Men biziň hemmämiz şol bir pikir-düşünjede we bu örän möhüm diýip pikir edýärin. Şu-da bize indiki gezek duşuşamyzda öňe süýşmäge stimul berýär. Onsoň men hakykatda biz örän gowy üç gün, örän netijeli üç gün geçirdik diýip pikir edýärin, bu bize öňe süýşmäge esas berip biler."

Prezident Hassan Rohani Eýran ýadro hukuklaryndan el çekmez diýýär.

Prezident Hassan Rohani Eýran ýadro hukuklaryndan el çekmez diýýär.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri hem gepleşiklerde saldamly progres gazanylandygyny, onsoň basym ylalaşyk hem gazanyp boljagyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Kerri Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermezlik pikirinde berk durýandygyny aýtdy we diplomatiýa penjiresiniň soňsuz açyk galmajagyny duýdurdy:

"Biz Ženewa pikir tapawutlarymyzy azaltmaga geldik, özem men hiç bir ulalatmazdan aýdyp biljek, biz diňe saklanyp galýan pikir tarawutlaryny azaltmak we aýdyňlaşdyrmak bilen durman, eýsem biriniň ýadro programmasyna eýe bolmak we onuň parahat maksatlydygyny kepillendirmegi meselesine çemeleşiş babatda işleşmekde saldamly progres gazandyk."

Ynamsyzlygyň zyýany

Kerri gepleşikleriň käte Eýran bilen Waşingtonyň arasyndaky ynamsyzlyk sebäpli kyn bolandygyny belledi.

Amerikanlar bilen eýranlylaryň arasynda indi üç onýyllykdan gowrak wagt bäri formal diplomatik gatnaşyk ýok.

Ženewa gepleşikleri Eýrany we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş hemişelik agzasyny, Britaniýany, Hytaýy, Fransiýany, Orsýeti, ABŞ-ny we goşmak Germaniýany bir ýere jemledi.

Taraplar oktýabrda, tomusda bolan saýlawlarda Eýranyň yslam düzgüninde aram hasaplanýan Hasssan Rohani prezident saýlanandan soň, gepleşikleriň ilkinji tapgyryny geçirdiler.

Analitikler Tähranyň ýyllara çeken halkara sanksiýalaryny ýeňletmek üçin öz ýadro programmasy babatda käbir eglişiklere gelmek isleýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Sanksiýalaryň täsiri

Bu sanksiýalar Eýranyň nebit eksportlarynyň, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy girdejisiniň azalmagyna alyp geldi. Şeýle-de olar Eýranyň halkara bank sistemasyndaky transaksiýa mümkinçiliklerini çäklendirdi.

Eýran öz ýadro programmasynyň diňe energiýa öndürmegi we medisina bejergilerdir ylmy gözlegleri maksat edinýändigini aýdýar.

Yslam respublikasy Günbatar döwletleriniň Tähranyň ýadro ýaragyny öndürmekde ulanyp boljak materiallary ýasajak bolýandygy hakynda aýdýanlaryny ret edýär.

Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşyk gazanmak ähtimallygynyň perspektiwasy Birleşen Ştatlar bilen onuň Ýakyn Gündogardaky iň uly ýarany Ysraýylyň arasynda sowuklyk döretdi.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen, Ýerusalim, 6-njy noýabr, 2013.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen, Ýerusalim, 6-njy noýabr, 2013.


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu anna güni, Ženewa gepleşikleriniň bolup duran wagty Ysraýyl Eýranyň ýadro meselesine basyşy kemletjek islendik ylalaşygy ret eder diýdi.

Ýakyn Gündogardaky ýeke-täk ýadro ýaragly döwlet diýip bilinýän Ysraýyl Eýranyň ýadro kärhanlaryna harby zarba urmagyň açyk bir mümkinçilik bolup galýandygyny aýtdy. Ysraýyl Eýranyň ýadro ýaragly bolmak mümkinçiligine özüne abanýan howp hökmünde garaýar.
XS
SM
MD
LG