Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rohani: 'Tähran ýadro progmmasyny taşlamaz'


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähran öz ýadro hukuklaryndan, şol sanda uran baýlaşdyrmakdan el çekmez diýdi.

Eýranyň ISNA habar gullugy Rohaniniň konserwatiwleriň agdyklyk edýän parlamentine ýekşenbe güni «bu ýerde geçilmesiz gyzyl çyzyklar bar» diýendigini ýazýar.

Ol Tähranyň ýadro hukuklarynyň halkara düzgünleriniň çägindedigini we Eýran topragyndaky baýlaşdyrmany hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Rohani bu sözleri Ženewada Eýranyň ýadro programmasy barada üç günläp dowam eden gepleşikler ylalaşyksyz gutaransoň aýtdy.
XS
SM
MD
LG