Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşyklar: Ykdysady sebäpler ilerimi ýa syýasy?


Aşgabatda gurlan Bagt köşgi
Aşgabatda gurlan Bagt köşgi
Türkmenistanda uludan tutulýan gurluşyk işleriniň barha gerimi giňeýär, prezident Berdimuhamedow onuň depginini gelýän ýyllarda hem gowşatmaly däldigini duýdurýar.

Şol bir wagtda Aşgabatda, welaýat merkezlerinde ofis, myhmanhana jaýlarynyň, köşkleriň eýýäm gereginden artyk gurlandygy, bu binalary saklamak üçinem kän çykdajynyň gerek boljagy barada aladalar eşidilýär.

Ikinji tarapdan, oba, etrap ýerlerinde sosial-durmuş maksatly gurluşyklara, ýollara, köprülere ýeterlik serişde goýberilmeýändigi, daşary ýurt firmalary tarapyndan amala aşyrylýan işlerde uly korrupsiýanyň bardygy aýdylýar.

Mundan başga, Türkmenistanda gurulýan binalaryň köpüsiniň önümçilige, iş ýerleriniň köpelmegine goşant bolman, eýsem bar bolan halk serişdesiniň öli kapitala öwrülmegine alyp gelýändigini aýdýanlar hem bar.

Emma türkmen häkimiýetleri ýurtda alnyp barylýan tutumly gurluşyk işlerini, uly-uly myhmanhanalary, köşkleri, sport desgalaryny, ýykylýan we täzeden gurulýan monumentleri, fontanlary ullakan ösüş, üstünlik hökmünde wagyz edýärler.

Eýsem bu gurluşyklardan nähili maksat tutulýar? Olarda ykdysady bähbitler agdyklyk edýärmi ýa syýasy bähbitler?

Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklaryň halk bähbitli bolmagy, bu işde korrupsiýa ýol berilmezligi üçin nähili çäreleri görmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Pikirleriňize, bellikleriňize, teklipleriňize garaşýarys, gadyrly okyjylar.
XS
SM
MD
LG