Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Aktiwistler nämälim ýere geçirildi


“Greenpeace” guramasy Russiýa tarapyndan tussag edilen 30 adamyň Murmansk şäherinden nämälim ýere geçirlendigini aýdýar. Agzalýan bu 30 aktiwist Arktik deňzinde nebitiň burawlanmagyna garşy protest geçirmeginiň yz ýany tussag edilipdi.

“Greenpeace” guramasy tussaglaryň türme otlusy bilen alnyp gidilendigini aýdýarlar. Guramanyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, tussag edilen 30 aktiwisti görmäge baran aklawça türme işgärleri tarapyndan olaryň başga ýere geçirilendigi aýdylypdyr.

Gurama aktiwistleriň näme sebäpden we nirä geçirilendigi barada anyk maglumat ýok diýýär.

Gürrüňi edilýän 28 aktiwist we iki žurnalist 18-nji sentýabrda Arktik deňzinde nebitiň burawlanmagyna garşy geçiren protestlerinden soň tussag edilipdi. Olara ilki başda ýöňkelen garakçylyk aýyplamasy soňy bilen huligançylyga düşürildi.
XS
SM
MD
LG