Sepleriň elýeterliligi

Filippine ýardam ugradylýar


Filippinde bolan Haiýan tupanyndan soň, dünýäniň iri döwletleri ýurda ýardam ugradyp başladylar. Bu tupanda 10 müňden gowrak adamyň ölen bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasy “giň göwrümli weýrançylyklara we adamlaryň başga ýerlere göçmegine” sebäp bolan bu wakada takmynan 9,5 million adamyň ejir çekendigini habar berýär.

Filippine kömek ugratmagy yglan eden ýurtlaryň arasynda Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar, Awstraliýa we Birleşen Milletler Guramasy bar.

Bu tupan henize çenli hasaba alnan iň güýçli harasat bolup, anna güni Aziýanyň günorta-gündogaryndaky kiçi adalardan düzülen ýurduň içinden geçip, oňa zyýan ýetirdi.
XS
SM
MD
LG