Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ýer sarsdy


Täjigistanda ýer titremäniň netijesinde 100-den gowrak öý weýran boldy we başga-da ýüzlerçesine zeper ýetdi. Ýekşenbe güni paýtagt Duşenbäniň 26 kilometr günorta-gündogarynda ýüze çykan ýer titremäniň güýji 5 bal derejesinde bolupdyr.

Duşenbe güni berlen maglumatlara görä, episentriň golaýyndaky Wahdat obasynyň ýer titremeden güýçli ejir çekendigi aýdylýar.

Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň berýän maglumatyna görä, Wahdat obasynda 104 ýaşaýyş jaýy doly weýran bolupdyr we 256 sanysyna hem zeper ýetipdir.

Ýer titremede adam ýitgisiniň ýokdygy mälim edilýär.
XS
SM
MD
LG