Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Aktiwist tussag edildi


Belarusyň Minsk şäher sudy prezident Aleksandr Lukaşenka garşy şygarlar ýazylan maýkany geýeni üçin belarusly aktiwisti bäş gün türme tussaglygyna höküm etdi.

Leonid Smouž polisiýa garşylyk görkezmekde günäli tapylyp, duşenbe güni Lenin etrap sudunda tussag edildi.

Ol “Lukaşenkosyz Belarus üçin!” diýip ýazylan maýkany geýeni üçin ýekşenbe güni Minsk şäherinde tussag edilipdi.

Bu soňky hepdäniň dowamynda bolan şuňa meňzeş ikinji wakadyr. 4-nji noýabrda Belarusyň Gomel şäheriniň ýaşaýjysy prensioner Ýuriý Rabtsou “Lukaşenko git!” diýen ýazgyly maýkany geýeni üçin üç gün türme tussaglygyna höküm edilipdi.

1994-nji ýyldan bäri Belarusy dolandyrýan Lukaşenko ýurdy awtoritar dolandyryşy üçin Adam hukuklary goraýan guramalar tarapyndan tankyt edilip gelýär.
XS
SM
MD
LG