Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Sosial ulgam tire-taýpa bölýär


"Rulas" programmasynyň logotipi.
"Rulas" programmasynyň logotipi.
Haçan-da iki gazak ilkinji gezek duşuşanda, birek-biregi içginden tanamak üçin olaryň biri-birine iki soragy bermegi ýeterlik. Birinjiden: garşyňdaky adamynyň ýurduň haýsy künjeginden gelendigini anyklamak; ikinjiden: täze tanşyň haýsy tirä degişlidigini bilmek.

Bu soraglaryň jogaplaryna görä-de, adamyň gelip çykyşyny, taryhyny we ygraryny kesgitlese bolýar. Bu gadymy tire-taýpa bölünişiginiň galyndysy häzirki günlerde hem döwrebap Gazagystanda saklanyp galypdyr.

Gazaklaryň “taýpadaş” diýen sözünden gelip çykan “Rulas.kz” websahypasynyň gurluşy edil beýleki sosial ulgamlaryňky ýaly. Onda, beýleki websahypalarda bolşy ýaly, döwrebap suratlar ýerleşdirilip, ýaş agzalaryň öz baş sahypalary hem ýagty suratlar bilen bezelen.

Ýöne şeýle sosial ulgamlara registrasiýa edilende, soralýan, adatça, adamyň ady, email adresi we açar sözi ýaly sowallardan başga-da, Gazagystanyň “Rulas” websahypasy sosial ulgama agza bolmak isleýänlerden özleriniň “Žüzüni” ýa-da tire-taýpasyny, ýa bolmasa-da websahypadaky onlarça tire-taýpa sanawynyň arasyndan birini saýlap almagy soraýar.

Bu ulgama agza bolanlaryň ilkinjileriniň biri ýaş gazak aktýory Magžan Turysowdyr. Turysow ýylgyryp, ulanyjylaryny başdan tire-taýpasyna görä bölýän we gurnaýan websahypa degişli bolmak “gyzykly” diýýär. Ýöne ol käbir çekinýän zatlarynyň bardygyny hem aýdýar.

“Žüze, ýagny taýpa böleniň ýüzüne köz degsin”

“Bizde “Žüze, ýagny taýpa böleniň ýüzüne köz degsin” diýen bir nakyl bar. Şeýlelikde, käwagtlar men şübhelenmän hem duramok. Belkem, bu käbir adamlar üçin peýdaly bolar. Men bu websaýtda ýakynda hasaba durdum we şu wagta çenli haýsydyr bir netijesini görmedim. Men käbir tanyşlarymy görmek umydy bilen websahypada hasaba durdum, ýöne olary [websahypada] görmedim” diýip, Turysow gürrüň berýär.

Gazagystanda tire-taýpa gurluşy mongol imperiýasy döwründen galypdyr. Rowaýata görä, Çingiz hanyň öz eýelik edýän territoriýasyny üçe bölüp, ol ýurtlary her ogluna paýlap berip, agzalýan bölünişigiň binýadyny goýandygy aýdylýar. Şeýlelikde häzirki wagtda-da gazak jemgyýetiniň durumyny kesgitleýän Uly, Orta we Kiçi žüzler, ýagny ordalar döredilipdir.

Olaryň adyna garamazdan, üç orda ululygy we kuwwaty boýunça aýratyn bir bölünişige eýe däl. Ýöne olaryň öz agzalarynyň arasynda aýratynlyklary bar diýlip hasaplanylýar.

Kiçi žüz gazaklary urşujy hökmünde tanalýarlar. Orta žüzleriň agzalary bolsa, tersine, ýurduň intellektual we döredijilik synpyny emele getirýärler. Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew bolsa, belkem, Uly žüzüň iň tanalýan wekilidir. Ol ýokary dolandyryjylyk ukyby we regionyň dürli tire-taýpalaryny ýeke-täk ýurda birikdirmekdäki taryhy başarnygy bilen belli hasaplanýar.

Sowet döwri Kreml Gazagystanyň hökümetinde hemişe tire-taýpalaryň arasyndaky deňagramlylygy saklamaga synanyşypdy. Ýöne SSSR-iň dargamagy bilen Nazarbaýewiň öz daş-töweregini Uly žüz taýpasynyň agzalary bilen gurşap alandygy aýdylýar.

Ýagdaýy has-da erbetleşdirýär

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, bu tireparazlyk ylaýta-da tire-taýpa alamatlarynyň onlarçasy bir ýere jemlenen ýagdaýynda aňsatlyk bilen tire-taýpa dawalaryny öjükdirip biler. Žurnalist Toktarali Tanžarykyň aýtmagyna görä, “Rulas” şekilli websahypalar ýagdaýy has-da erbetleşdirer.

Tanžaryk bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Çagadan başlap, ýetmiş ýaşlaryndaky uly adamlara çenli islendik adam sosial ulgamyň ulanyjysy bolup biler. Şeýlelikde haýsy-da bolsa bir adam üýtgeşik mazmunly pikiri öňe sürüp biler we bu hem dürli tire-taýpalaryň arasynda agzalalygy döredip biler. Şuňa meňzeş zatlary käwagt internetde-de görse bolýar. Tire-taýpalary häsiýetlendirýän dürli garaýyşlar käwagty örän kemsidiji bolup, adamlary birek-birege garşy öjükdirmäge ukyply”.

“Rulasyň” aýtmagyna görä, ýörite android ulanyjylar üçin hödürlenýän bu programmany 5 müňden gowrak adam öz mobil telefonyna indiripdir. Ýöne gürrüňi edilýän bu sosial ulgam 17 million raýatly Gazagystanda adamlaryň eýýäm Facebook we Russiýanyň “Moý Mir”, “Wkontakte” we “Odnoklassniki” ýaly websahypalaryny ulanýandygyna garamazdan, ýurtda heniz hem üstünlik gazanyp biler.

Şeýle-de websahypanyň tarapdarlary “sosial ulgam agzalaryň paýlaşan zatlaryny ähli adamlaryň görmeginiň öňüni alýan görnüşde işläp düzülen” diýýärler.

Munuň deregine olar dostlaryna diňe gönükdirilen hatlary ýa-da Facebookdaky ýaly “halaýan” alamatyny goýup ugradyp bilerler.

Gazak tire-taýpa gatnaşyklary boýunça ekspert Rüstem Kadyržanowyň aýtmagyna görä, hakykatda “Rulas” websahypasy XXI asyrda tire-taýpa degişliligini saklap galmagyň deňsiz-taýsyz görnüşi bolup biler.

Ol bu barada şeýle diýýär: “Bu taýda gorkar ýaly hiç zat ýok. “Rulas.ru-nyň” peýda bolmagy nämäni aňladýar? Gadymy döwre çenli uzap gidýän bu sosial ulgam biziň täze maglumat jemgyýetimizde öz ornuny tapdy. Ol özleşdirildi”.
XS
SM
MD
LG