Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Atom agentligi Tähranda gepleşik geçirdi


Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýolbaşçysy Ý.Amano(s) we Eýranyň Atom energiýasy boýunça edarasynyň başlygy A.Salehi(s), Tähran, 11-nji noýabr, 2013

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýolbaşçysy Ý.Amano(s) we Eýranyň Atom energiýasy boýunça edarasynyň başlygy A.Salehi(s), Tähran, 11-nji noýabr, 2013

BMG-niň ýadro meseleleri boýunça gözegçi edarasynyň ýolbaşçysy Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak islegi baradaky çaklamalary barlamak boýunça missiýa bilen Eýrana sapar edýär.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýolbaşçysy Ýukiýa Amanonyň bu sapary dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň we Eýranyň arasynda Ženewada geçirilen üç günlük şowsuz gepleşikleriň yzysüre amala aşyrylýar.

Halkara gepleşikleriň indiki tapgyrynyň 20-nji noýabrda geçirilmegine garaşylýar.

Amano duşenbe güni Tähranda geçirilen gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda “takyk netijeleriň” gazanylmagyna umyt baglaýandygyny aýdypdy.

Amano Tähran bilen duşuşyklarynyň Eýranyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş agzasy we Germaniýa bilen geçirýän geleşiklerinden garaşsyzdygyny belledi.

Halkara gözegçiligi

Amano soňky sapar Eýrana 2012-nji ýylyň maý aýynda sapar edipdi. Ol şonda Eýranyň we Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasyndaky prosesiň “örän möhüm nokada” ýetendigini habar beripdi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmaga çalyşýandygy baradaky çaklamalary barlamak üçin Eýranyň ýadro desgalaryna baryp görmek we degişli dokumentleriň elýeterli edilmegini gazanmak isleýär.

Eýranyň häkimiýetleri agentligiň ähli talaplaryny berjaý etmekden ýüz öwürýär. Emma analitikler prezident Hassan Rohaniniň häkimiýet başyna geçmeginden soň Tähranyň ykdysady sanksiýalary gowşatmak üçin öz ýadro programmasy boýunça käbir eglişiklere razy bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Halkara sanksiýalary Eýranyň nebit eksportyny we halkara bank hasaplarynyň ulanylmagyny çäklendirdi.

Günbatar Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Tähran muny ret edýär.

Ýurtlaryň niýetleri

Eýranyň berk pozisiýany eýelemeginiň tarapdarlary Ženewadaky gepleşikler bilen baglylykda Rohanini tankyt etdiler. Munuň yz ýany, ýekşenbe güni eden çykyşynda Rohani Tähranyň käbir ýadro serişdelerini öndürmek, şol sanda urany baýlaşdyrmak boýunça hukuklaryny elden bermejegini duýdurdy.

Ženewadaky gepleşiklere gatnaşan ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri hem has berk pozisiýany eýeledi we Waşingtonyň Tähran bilen ylalaşyk baglaşmaga howlukmaýandygyny aýtdy.

Amerikan telewideniýesinde eden çykyşynda Kerri ABŞ-nyň regiondaky öz ýaranlarynyň bähbitlerini goldamak üçin herekete geçmäge taýýardygyny mälim etdi. Ysraýyl we Pars aýlagynyň arap döwletleri Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň mümkinçiligine aladalanma bildirýärler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ýekşenbe güni ýene-de dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň Eýran bilen ylalaşyga gelmek ugrunda geçirýän gepleşiklerini ýazgaryp çykyş etdi.

Ýakyn Gündogarda ýadro ýaragyna eýe bolan ýeke-täk döwlet, diýlip hasaplanýan Ysraýyl Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak mümkinçiligine Ysraýyl döwletiniň üstüne abanýan howp hökmünde garaýar.
XS
SM
MD
LG