Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ulunýan: Türkmen diktaturasyna taý ýokdyr


Merkezi Aziýa boýunça orsýetli analitik Artýom Ulunýan, Moskwa
Merkezi Aziýa boýunça orsýetli analitik Artýom Ulunýan, Moskwa
Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndan Saparmyrat Nyýazow bilen bagly obýektler yzygiderli çetleşdirilýär, olaryň ýerine ýurduň häzirki baştutanyna degişli zatlar ornaşdyrylýar. Köp analitikler munuň awtoritar režimlere mahsus zatdygyny aýdýarlar. Eýse, Türkmenistandaky ýagdaýy haýsy ýurtlar bilen deňeşdirmek mümkin?

Azatlyk Radiosy bu temadan Merkezi Aziýa boýunça analitik, Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Umumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa we Balkanlar bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Artýom, Türkmenistanyň syýasy jemgyýetçilik sistemasy öňküligine galýan hem bolsa, öňki prezidentiň ähmiýetini azaldyp, häzirki prezidentiň ähmiýetiniň güýçlendirilmegine gönükdirilýän prosesler ýene haýsy ýurtlarda göze ilýär?

Artýom Ulunýan: Türkmenistandaky ýagdaýy Hytaý bilen deňeşdirip bolardy, emma diňe çäkli bir derejede. Bu ýurtda kommunistik režimiň baş esaslandyryjylary bolaýmasa, häkimiýet başyndan çekilýän beýleki ýolbaşçylar [soňra] ýatlanylmaýar.

Demirgazyk Koreýany alyp görsek, syýasy sistema ozalky ýolbaşçylaryň gazanan üstünlikleriniň wasp edilmegine esaslanýar. Şuňa meňzeş tejribeleri Azerbaýjanyň mysalynda-da görmek mümkin.

Beýleki ýurtlaryň köpüsinde bolsa ýolbaşçynyň çalyşmagy bilen, syýasy sistema-da üýtgeýär. Bu mysallardan ugur alsak, Türkmenistana beýleki ýurtlaryň tejribeleriniň esasynda baha berip bolmaýar. Türkmenistandaky - düýpden başga bir ýagdaý.

Azatlyk Radiosy: Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň syýasy tejribesiniň özboluşlydygyny aýtdyňyz. Onda näme sebäpden Türkmenistandaky syýasy prosesleriň awtoritar sistemalara mahsusdygy aýdylýar?

Artýom Ulunýan: Awtoritarizm mydama diňe bir adamyň häkimiýetiniň wasp edilmegine gönükdirilýär. Bu ugurdan bäsdeşleriň, şol sanda dünýäden ötenleriň abraýyna päsgelçilik hökmünde garalýar. Şol bir wagtda-da öňki ýolbaşçylaryň täsiri täze geleniň häkimiýet başynda ornaşmagy üçin giňden ulanylýar. Muny geçmişde Sowet Soýuzynyň mysalynda görmek mümkindi, ýagny Stalin başda Leniniň şägirdi hökmünde öz täsrini güýçlendiripdi. Häzirki wagtda Wenesuelada hem şuňa meňzeş ýagdaý göze ilýär.

Awtoritar sistemalarda köplenç täze ýolbaşçynyň täsiriniň güýçlenmegi bilen öňküsiniň täsiri çäklendirilýär. Munuň üçin giňden ulanylýan bir usul, täze bir döwrüň başlanandygyny yglan etmekdir. Türkmenistanyň mysalynda hut şeýle boldy, türkmen ýolbaşçysy ozalky prezidentiň döwründe bolan zatlary ýuwaşlyk bilen gapdala süýşürdi. Bu zatlaryň ählisi häzirki ýolbaşçynyň şahsyýetiniň ähmiýetini aýratyn nygtamak üçin edilýär.

Azatlyk Radiosy: Awtoritar režimlere mahsus tejribeleriň Türkmenistanda nähili aýratynlyklary bar?

Artýom Ulunýan: Bu ýerde bellenmeli iň esasy mesele, ýurtda syýasy režimiň dowam etdirilmegine ýa-da üýtgedilmegine degişli mesele asla gozgalmaýar. Syýasy režim doly güýjünde öňküligine saklanýar. Onuň düýp manysy-da üýtgemeýär, diňe ýolbaşçy çalyşýar. Şol bir wagtda-da bu ýolbaşçy režim bilen berk baglanyşykly.

Bu bolsa gapma-garşy bir ýagdaýy döredýär, ýagny özgerişlikleriň bolmadyk ýerinde özgerişlik barada pikir döredilýär. Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylary täzeligiň emele gelýändigi barada pikir döretmek üçin dürli usullardan giňden peýdalanyp gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Umumy taryhda Türkmenistandaky ýagdaýa has meňzeş bolan mysallar haýsylar?

Artem Ulunýan: Awtoritar režimler mydama hem umumy hem-de unikal bolýarlar. Taryha göz aýlasak, kabir kommunistik režimleri mysal hökmünde getirse bolardy, emma, adatça, ozalky ýolbaşçylaryň eden-etdilikleri ýazgarylýardy. Sowet Soýuzynyň Nikita Hruşýow döwri bilen meňzeşlik gözlesek, Türkmenistanda öňki ýolbaşçynyň syýasaty ýazgarylmady. Latyn Amerikanyň diktaturalaryny alyp görsek, bu ýurtlarda syýasy agdarylyşyklar bolupdy. Türkmenistandaky ýagdaý beýleki diktaturalardan tapawutlanýar.

Şol bir wagtda-da Türkmenistandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky ýagdaýlar bilen meňzeşligi bar. Bu regiondaky ýurtlarda ýolbaşçylar çalşanda, olar hem Türkmenistanyň ýolundan giderler diýip pikir edýärin. Sebäbi ozalky ýolbaşçylary ýazgarmaklyk, adatça, rewolýusion ýagdaýy we häkimiýet başyndaky täsirli gatlaklaryň arasyndaky gapma-garşylyklary güýçlendirýär. Şonuň üçin ýolbaşçylar ozalkylaryň göwnüne degmän, islän hereketlerini ýuwaşlyk bilen amala aşyrjak bolarlar. Bu Gündogar ahyry!
XS
SM
MD
LG