Sepleriň elýeterliligi

Söz azatlygy we şahsy durmuşyň goraglylygy


Söz we pikir azatlygynyň senzurasy

Söz we pikir azatlygynyň senzurasy

Tehnologiýanyň güýçli depginde ösmegi söz azatlygy, ýa-da adamlaryň şahsy durmuşynyň goraglylygy ýaly fundamental hukuklara nähili täsir edýär?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Braýn Witmor “Wikileaks” we global terrorizm zamanasynda adamzadyň erkinligi, howpsuzlygy we şahsy durmuşyň goraglylygy baradaky meseleler boýunça Birleşen Ştatlaryň ýerli kazyýetiniň ýokary sudýasy Mark Wolf bilen söhbetdeş boldy.

RFE/RL: Meniň gürrüňe has giň göwrümli bir sorag bilen başlasym gelýär. Häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda we şol sanda dünýäniň islendik künjeginde Internetiň, sosial medianyň we ş.m-leriň adam azatlyklaryna edýän täsiri barada jedelli debatlar dowam edýär. Bir tarapdan, agzalan ulgamlar raýat azatlygyny berkidýär. Ýöne beýleki bir tarapdan, ýagdaýa çemeleşenimizde internet ulgamy döwletiň mümkinçiliklerini giňeldýär. Siz bu ýagdaýa nähili garaýarsyňyz? Şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasyna girizilen birinji we dördünji düzedişler boýunça, ýagny söz azatlygy we şahsy durmuşyň goraglylygy meseleleri boýunça gürrüňi edilýän ulgamlar raýatlaryň durmuşyna nähili täsir edýär?

Wolf: Meniň pikirimçe, siz sözüň doly manysyndaky dilemmany suratlandyrdyňyz. Men ilkinji sapar Orta we Gündogar Ýewropa gelenimde, abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Garward uniwersitetini tamamlan slowakiýaly bir žurnaliste: “Internet ajaýyp zat” diýipdim. Şonda ol: “Belki, şeýledir, ýöne bu ýagdaý meni hopukdyrýar, sebäbi mundan beýläk hökümetler biziň telefonlarymyza we e-mail arkaly ýazyşýan hatlarymyza öňküsinden has ýiti gözegçilik edip bilýär” diýip jogap beripdi.

Meniň pikirimçe, internet bilen bagly iki ýagdaýyň hem jany bar. Muňa gaty ünsli çemeleşmeli, ýagny Internetiň söz azatlygyna giň ýol açyp bilmegi üçin, şeýle-de bu ulgamyň giňden ýaýramagy bilen bir hatarda onuň adamlaryň şahsy durmuşlaryna aralaşmagynyň öňüni almak üçin belli bir derejede syýasy erk gerek.

Bu meselede başga-da birnäçe alga alynmaly zatlar bar. Internet adamlaryň öz arz-şikaýatyny degişli ýerlere ýetirmek mümkinçiligini giňeldýär. Ýöne [şol bir wagtda-da] bu ulgam söz azatlygynyň gerimini giňeltmek bilen birlikde mundan ozal esasy maglumat çeşmesi bolup hyzmat eden beýleki media serişdeleriniň täsirliligine zyýan ýetirýär.

Haçan-da 1971-nji ýylda Wýetnam söweşi barada Pentagonyň aýratyn ähmiýetli gizlin hatlary “The New York Times” we “The Washington Post” gazetleriniň redaksiýasyna tötänleýin gelip düşende, gazetleriň redaktorlary hatlary üns bilen okap, seljerip, olar şol wagt amerikan halky nämäni eşitse gowy bolar, nämäni eşitmese, tutuş halkyň ýa-da haýsydyr bir raýatyň howpsuzlygyna zyýan ýetmez diýen ýörelgelere esaslanyp, aýratyn gizlin maglumata özleriniň professional bahalaryny beripdiler.

Ýöne, ynha, häzirki döwürde “WikiLeaks” sahypasynyň esaslandyrjysy Žulian Assanžyň Internetde ýaýradan maglumatlaryny göz öňüne getireliň. Ol ähli maglumatlary internetde ýaýratmak bilen düýpli medianyň (telewizor, gazet, žurnal we ş.m) gadyryny gaçyrdy, şeýle-de häzirki wagtda hiç kim köpçüligiň bilmäge hukugy bolan maglumatlar bilen, milli howpsuzlygyň hatyrasyna ýa-da meselem, aýdaly, içaly bolup işläp ýören adamlaryň şahsy howpsuzlygynyň hatyrasyna gizlin saklanmaly maglumatlaryň deňagramlylygyny sazlamak boýunça iş alyp barmaýar.

RFE/RL: Siziň pikiriňizçe şu günki gün bolup geçýän üýtgeşmeleri “ýokary hilli ösüşler” diýip häsiýetlendirip bolarmy? Adamzadyň taryhynda ozal hem media rewolýusiýasy bolup geçipdi. Ýohan Gutenbergiň metbugat neşiri diýen düşünjäni oýlap tapmagy bilen, ýa-da bolmasa 1950-nji ýyllarda telewideniýäniň peýda bolmagy bilen maglumat taryhynda özgerişler bolup geçipdi. Indi, siziň pikiriňizçe, şu günki gün bolup geçýän özgerişler hem ýaňky agzan ugurlarym ýaly adaty özgerişmi ýa-da bular düýbünden başgaça täzelikmi?

Wolf: Muny tapgyrlaýyn ösüş diýip häsiýetlendirip bileris, emma şol bir wagtyň özünde bu ýagdaý, meniň pikirimçe, “ýokary hilli” diýip häsiýetlendirmäge mynasyp. Internet biziň däbe öwrülen meselelerdir kynçylyklarymyzy tehnologiki kontekstde turuwbaşdan täzeçil ele alýar. Birleşen Ştatlaryň adalat ulgamynda işlän we meniň özümçe gahryman hasaplaýan adamlarymyň biri bolan Luis Brandis (Luis Brandis 1916-1939 njy ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlaryň meşhur ýokary sudýasy) şeýle diýerdi, ýagny “biz özümize miras galdyrylan gymmatlyklara sözüň doly manysynda eýe çykmak üçin her geljek nesil bilen göreşmeli bolýarys” diýerdi.

Siz sözüňiziň başynda Konstitusiýa girizilen birinji we dördünji düzedişler barada gürrüň etdiňiz. Birinji düzediş bilen bize söz azatlygynyň kepilligi miras goýuldy, dördünji düzediş bilen bize, Brandisiň aýdyşy ýaly, fundamental hukuklaryň biri bolan raýatyň özbaşyna ýalňyz bolmak hukugy miras galdyryldy. Ýöne häzirki wagtda biziň gürrüňini edýän täze tehnologiýamyz söz azatlygynyň mümkiniçiliginiň gerimini giňeldýär, ýöne şahsy durmuşyň goraglylygyna howp bolup abanýar. Häzirki tehnologiýa zamanasynda adalat edaralary we syýastçylar bu iki meseläniň deňagramlylygyny saklamak boýunça iş alyp barmaly.

RFE/RL: Soňky döwürlerde amerikan hökümetiniň adamlaryň arasyndaky telefon gürrüňdeşliklerini diňleýändikleri, Internetde edýän işlerine gözegçilik edýändikleri barada habarlar peýda boldy. Ýöne adaty raýatyň durmuşynyň aňtalmagyna we yzarlanmagyna hökümetiň gözegçiliginden hem has ýiti gözegçiligi hususy korporasiýalar amala aşyrýarlar. Google saýtynyň üsti bilen maglumat gözleýän islendik adam, gözleginiň yz ýany bilen agtarýan maglumaty bilen bagly reklamalara duçar bolýar. Bu ýagdaý hem hususy korporasiýalaryň has ýiti gözegçilik edýändiklerine şaýatlyk edýär. Siziň pikiriňizçe, biziň gürrüňini edýän söz azatlygy we şahsy durmuşyň goraglylygy ýaly hukuklarymyzy şeýle şertlerde nädip gorap saklap bolar?

Wolf: Siz örän ýerlikli sorag berdiňiz. Konstitusýada agzalýan “söz azatlygy” we “şahsy durmuşyň goraglylygy” ýaly maddalar hökümetiň nämeler edip biljekdigini görkezýär. Ýöne hökümetiň goramakçy bolýan gymmatlyklary häzirki wagtda hususy guramalar tarapyndan we, galyberse-de, döwletiň hut özi tarapyndan töwekgelçilikli ýagdaýa sezewar edildi. Birleşen Ştatlaryň düzgünnamalarynyň içinde kadalaşdyrjy organ bolmaly. Ýöne bu halkara organ bolup, käbir meseleler barada aýgtyly netijä gelmeli.

Mysal üçin, meniň düşünişime görä, Google öz saýtynyň üsti bilen nähili maglumat alşyp-çalyşmalydygyny özi karar edýär. “New Republic” žurnalynyň habarçysy Jefreý Rouzen Google kompaniýasynda biziň agzaýan kararlarymyzy kimleriň çykarýandygyny anyklamak üçin, haýsy zatlar senzuradan geçirilýär, haýsylar geçirilmeýär diýen soraglara jogap tapmak üçin kompaniýanyň binasyna barýar. Baryp görse, ullakan giň otagyň içinde ýaşy 21 töweregi bolan ýaşlary görýär we hut şolar Google-de karar kabul edýän merkez bolup, iş alyp barýarlar. Olara-da hukuk mekdeplerine gatnan, ýaşy 27 töwereklerindäki ýaşlar gözegçilik edýärler. Diýmek, biz şeýle kompaniýalara nädip bil baglap bileris? Gürrüňini edýän ýagdaýlarymyz wajyp meseleler.

Bu meseleler barada meniň berip biljek jogabym ýok. Google we Yahoo Hytaýda we Orsýetde öz işlerini ýola goýmak isleýärler. Diýmek, olar ol ýurtlardaky söz azatlygyny çäklendirýän şertlere razy bolýandyrlar. Şeýle etmek bilen bu kompaniýalar aslynda agzalýan ýurtlarda ýaşaýan amerikan raýatlarynyň hem söz azatlyklarynyň çäklendirmelerine razy bolýandyklaryny görkezýär. Bu ýagdaý biziň kynçylyklar bilen göreşmegimize we deňagramlylygy saklamak üçin käbir düzgünnamalary işe girizmegimize milli hem-de halkara derejesinde päsgelçilik berýär we oňaýsyz ýagdaý döredýär.

RFE/RL: Men gürrüňi “milli howpsuzlyk” meseleleri barada, aýratynam milli howpsuzlyk bilen raýat azatlyklarynyň arasyndaky dartgynly ýagdaý boýunça dowam etmekçi. Birleşen Ştatlarda bu sikle ýykgyn edilýär. Sowuk urşuň irki döwürlerinde bolşy ýaly, haçan-da raýatlar özlerini howp astynda duýsalar, olar öz howpsuzlyklaryny öz azatlyklaryndan has ýokarda goýýarlar. Haçan-da adamlar, 60-njy 70-nji ýyllarda bolşy ýaly, özlerini arkaýyn duýsalar, onda jemgyýet öz hukuklary ugrunda alada edip, adamlar öz azatlyklaryna has uly üns berip başlaýarlar. Biz şu ýagdaýyň şeýle bolandygyny 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terror hüjüminden soň has aýdyň duýup başladyk. Ýöne şeýle bir ýagdaý hem bar, ýagny 9/11 hüjümi milletiň DNK-syny üýtgeden bolmagy ahmal we şonuň üçin hem raýat azatlyklary uzak möhletli çäklendirilen bolmagy mümkin. Siz şu ýagdaýa nähili garaýarsyňyz?

Wolf: Meniň pikirimçe, siziň ýiti synçy nazaryňyz bar. Biz bu ýagdaýa Ikinji jahan urşy döwründe Ýokary suduň çykaran kararlarynda duş gelýäris. Pearl Harbor söweşinden köp wagt geçmänkä Ýokary sud prezidentiň hukuklarynyň gerimini giňeltdi. Munuň netijesinde harby zerurlyk sebäpli ýaponlara-da zyýan ýetirildi. Pearl Harbor söweşinden has öň bolan wakalara nazar aýlasak, Ýokary sud raýat hukuklaryny goramaklyga has aýratyn üns berýärdi. Meniň pikirimçe, siz 9/11 hüjümi bilen bagly wakalara-da şeýle nazar bilen garaýarsyňyz. Şondan soň Ýokary sud has hem goranyş çärelerine üns berip başlady.

Elbetde, 9/11 Birleşen Ştatlarda garaşylmadyk ýagdaýda düýpli üýtgeşmelere ýol açdy. 200 ýyldan hem köp wagt bäri biz okeanlar bilen goranýardyk. Pearl Harbor söweşinden bäri hiç haçan amerikan topragyna hüjüm edilmändi. Meniň pikirimçe, şu ýagdaý tapawutly. Şonuň üçin hem häzir köpsanly amerikaly öz howpsuzlygy üçin raýat hukuklarynyň çäklendirlmegine razy bolar diýip pikir edýärin. Şeýle ýagdaýy 9/11 wakasyndan ozal adamlardan sorasaň, onda adamlar raýat azatlyklaryny çürt-kesik ileri tutardylar. Ýöne meniň 9/11 wakasyndan ozalky giňeldilen raýat azatlyklarynyň haçan ýene-de yzyna, halka gaýtarylyp beriljekdigi barada hiç hili pikirim ýok.

RFE/RL: Diýmek, mundan soň köp zat: ýene-de uly bir hüjüm bolarmy diýen soraga baglymy?

Wolf: Meniň pikirimçe, iki sany uly mesele bar: birinjisi, 9/11 wakasyndan 12 ýyl geçensoň, entegem howpuň bardygyny ýatladýan Bostondaky partlama, beýlekisi hem: häzirki ýaşlar “şahsy durmuşyň goraglylygynyň” gowşaklygyna öwrenişdiler, şol sebäpden hem olar hiç zada garaşmaýarlar. Meniň pikirimçe, biz öz “şahsy durmuşymyza” belli bir derejde ygtyýarsyz, biz oňa özümizden birugsat gatyşylmagyny, howpsuzlyk üçin zerur bolmasa-da, kabul etdik we muňa rugsat berdik. Mysal üçin, ozallar uçara münmek üçin gümrük barlaglaryndan geçirilenimizde, bir şöhleden geçirilýärdik, ol şöhle bizi ekranda ýalaňaç edip görkezýärdi.

Bu ýagdaýyň edil häzir gaýtalanmaýan bolmagy mümkin, ýöne hazirki wagtda seniň ýanyňda ýarag barmy ýokmy, şony anyklaýan enjamlardan geçirilýäris. Soňky agzalan enjam adamyň uýat ýerlerini barlamaýar. Aslynda şular ýaly çäreler zerur däldi, ýöne adamlar yzygiderli şeýle zatlardan geçirilýärdi. Meniň pikirimçe, bir tarapdan, biz mamla, sebäbi 9/11 wakasyndan bäri eýýäm köp wagt geçdi.

Mundan soň uly göwrümli terror hüjümi bolmajak bolsa, adamlar rahatlanar ýöne, muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň prezidenti we Kongres arkaýynlaşmaz, sebäbi olar her gün diýen ýaly howpsuzlyk baradaky hasabatlary diňleýärler we okaýarlar. Ýöne meni aladalandyrýan zat – ýaş nesiller özleriniň raýat azatlyklarynyň çäklendirilmegini we şahsy durmuşyna bisorag gatyşylmagyny kabul edýärler.

RFE/RL: Siz “Watergate” dawasy bolup geçen döwürleri Birleşen Ştatlaryň adalat departamentinde işläpdiňiz, şonuň üçin hem Pentagonyň 1971-nji ýylda Wýetnam urşy bilen bagly aýratyn ähmiýetli resmi kagyzlaryny “The New York Times” we “The Washington Post” gazetlerine getirip beren Daniel Elsberg wakasy barada has köp zat bilýänsiňiz. Elbetde, size Eduar Snowden bilen bagly wakalar hem mälimdir. Siz şu iki wakany kanunçylyk we täsirlilik nukdaýnazaryndan nähili deňeşdirýärsiňiz?

Wolf: Aslynda, meniň pikirimçe, Daniel Elsberg wakasy bilen Eduard Snowden wakasynyň arasynda, Elsberg bilen Julian Assanž we Bredleý Manning wakalaryna garanyňda, has köp meňzeşlikler bar. Sebäbi Elsbergde Pentagonyň Wýetnam bilen bagly käbir gizlin hatlary bardy. Bu waka söweş ahyrlaberende bolup geçipdi. Daniel Elsberg şol agzalýan gizlin hatlary “The Washington Post” we, hususan-da, “The New York Times” gazetlerine beripdi. Olar hem, biziň bilişimizçe, hatlary bolşy ýaly çap etmän, milli howpsuzlyga we käbir adamlaryň howpsuzlygyna zeper ýetirip biljek setirleri aýryp, halkyň bilmeli zatlaryny, bilmeli däl zatlaryny seljerip, şondan soň çap edipdiler.

Meniň pikirimçe, Snowden hem Assanž ýaly däl-de, eýse Daniel Elsberg ýaly hereket etdi. Snowden “Guardian” gazetine we beýleki käbir guramaçylykly media gulluklaryna maglumat berdi. Olar hem Snowdeniň maglumatlaryny seljerip, deňagramlylygy saklap, öz neşirlerinde degişli habarlary çap etdiler. Snowden hem Assanž ýaly hemme zady Internete goýup bilerdi, ýöne goýmady.

RFE/RL: Siz ozalky Sowet Soýuzyndaky we Gündogar Ýewropadaky beýleki kommunistik ýurtlaryň kazylary bilen köp işler etdiňiz. Şular ýaly ýurtlaryň köpüsinde adalat edaralary hakykat ýüzünde ýerine ýetiriji häkimiýetlere gulluk edýärler. Şeýle sferada “garaşsyz sudy” nädip ýola goýup bolar?

Wolf: Ynha, şonuň üçin hem men Pragada we seniň bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçiligim bar. Men bu ýere örän ähmiýetli programmalary wada berýän CEELI institutynyň üsti bilen geldim. (CEELI: Central European And Eurasian Law Institute – Merkezi Ýewropa we Ýewraziýa boýunça hukuk instituty) Ýagdaý indi kämilleşýär. Olar Merkezi Ýewropadan, Gündogar Ýewropadan we Balkan ýurtlaryndan gelen we öz ýurtlarynda bölekleýin sud sistemasyny ýola goýýan ýaşlary ýetişdirdiler.

Suduň garaşsyz bolmagy onuň hiç kimiň tarapyny tutmazlygyny ýola goýmak üçin örän wajypdyr. Mysal üçin, Slowakiýada garaşsyz sud sistemasy bar. Bu dogruçyl sistema däl sebäbi suduň başlygy dogruçyl adam däl. Ýöne, hawa, siz dogry aýdýarsyňyz, agzalýan ýurtlarda sudy häsiýetlendirýän iki sany korrupsiýa bar. Olaryň biri, agzalýan ýurtlarda suduň partiýadan ýa-da döwletden görkezme almagy, bu ýagdaý eýýäm däbe öwrüldi, beýlekisi bolsa sudýalaryň para almagy. Men ýöne häzirki ýetişip gelýän ýaş kazylary görüp, haýran galdym. Elbetde, olar häzir köplük däl, ýöne azlyk hem bolsalar, öz ýurtlarynda garaşsyz sud edaralaryny ýola goýmak üçin tutanýerli işleri alyp barýarlar.

Häzikri wagtda olar birek-biregiň gazanan tejribelerinden öwrenýärler we ähmiýetli programmalara üns berýärler. Siz soragyňyzda ”nädip ösdürmeli?” diýdiňiz. Meniň pikirimçe, täze sudýalary işe almak bilen bu kynçylygyň hötdesinden gelip bolar. Agzalýan ýurtlaryň köpüsinde garyndaşparazlyk we tarapgöýlik edýärler. Mynasyplary işe almaýarlar. Şeýlelik bilen iň başarjaň ýaş hukukçylar we hukuk ugrundan okaýan ýaşlar sudýa bolmagy özlerine kiçilik bilýärler, sebäbi olar ony masgaraçylyk diýip hasaplaýarlar.

Ýöne häzir işe kabul etmeklik, wezipä bellemeklik, iş ahlagynyň kadalary, aç-açanlygy ýola goýmak, korrupsiýany aradan aýyrmak meseleleri boýunça iş alyp barýan adamlar bar. Ýöne, meniň pikirimçe, agzalýan ýurtlaryň köpüsinde betpäl sudýalar bilen bir hatarda dogruçyl, halal, işine ukyply kadrlar hem bar.

RFE/RL: Siziň “ýaş kazylar” diýen sözüňiz örän täsirli. Siziň pikiriňizçe biziň gürrüňini edýän ýurtlarymyzda nesil çalşygy problemalaryň çözülmegine getirip bilermi?

Wolf: Aslynda ol ýerlerde kommunistik döwürde kazy bolup ýörenler entegem kazyýetde işlemegi dowam edýärler. Endikleri üýtgetmek bolsa mümkin däl. Şonuň üçin hem men dünýäniň dürli ýurtlaryna baranymda, talyplar bilen gürrüňdeş bolmaga çytraşýaryn. Men Praga Türkiýeden geldim. Geçen ýyl men Orsýetde, Rumyniýada, Slowakiýada we Çeh respublikasynda boldum. Men dürli ýerlerden gelen ýaşlar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýaryn, sebäbi men bir zada berk ynanýaryn, ýagny sen endikleri we garaýyşlary özüň döredip bilersiň.

Birleşen Ştatlardaky ýaly sud sistemasyny ideal hasaplap, öz ýurdunda ornaşdyrmaga çalyşýan ýaşlara goldaw bermeli. Şeýle işler bilen meşgul bolmak meni örän begendirýär we buýsandyrýar, sebäbi biz Amerikada demokratiýany kanunlaryň erk edýän hökümeti diýip atlandyrýarys. Diňe erkek adamlar däl, eýsem şu ugra çynlakaý çemeleşýän aýallaryň hem hukukçy bolmagyna mümkinçilik döredilýär. Kazylar we raýatlar munuň şeýle amala aşyrylmagyna goşant goşýarlar.

Men soňky birnäçe günüň dowamynda hukuk ugrundan okaýan 30 töweregi ýaş oglan-gyza duşdum. Ynha, şu ýagdaý hem mende gelejege bolan umyt döredýär. Ynha ,şu ýaşlar ýetişip, olaryň her haýsysy öz ýurtlarynda adalatyň kök urmagyna, sud sistemasynyň kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar we agzalýan ýurtlardaky demokratiýa hem wagtyň geçmegi bilen özgerip, has kämilleşer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG