Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Düşüner ýaly däl, gündiz erkek, gije aýal


Serbiýaly Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
Serbiýaly Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
5 Rubly geň gördüňmi?

Bir gezek Moskwa iş sapary bilen baran ýazyjylary Ata Atajanow bilen Petdi Magsymow Moskwanyň GUM-na (Döwlet Uniwersal magazinine) barýar. Ata Atajanow penjek-jalbar satyn almakçy bolýar. Satyjy gyz onuň soran reňkindäki kostýum-balagyň ýokdugyny aýdýar. Ol satyjy gyzyň eline 5 rubl para berip “Oňatja gözle, şol reňklisi bardyr” diýýär.

Ömürboýy milisiýada (polisiýada) işlän, otstawkadaky (pensiýadaky) polkownik Petdi Magsymow Ata Atajanowyň 5 rubl para berenini görüp, aňrysyny bakýar. Satyjy gyz sähel salymdan Ata Atajanowyň soran reňkindäki kostýum-balagy getirýär. Olar satyn alan harydynyň bahasyny kassa töläp, GUM-dan çykýarlar. Petdi Magsymow “Ata Hajyýewiç, özüňem görensiň, seniň ilortalaýyn 5 rubl para berip duranyňa utanyp, aňrymy bakdym” diýýär. Ata Atajan:

-Ýok Petdi, sen utanyp däl-de, “Bäş rubl mukdardaky az para-da beriljek oňuşýan. Bu reswalygy gözüm görmesin” diýip, aňryňy bakdyň. Sebäbi siz polkownikler, generallar lomaý para alyp, lomaý para bermägi endik edinenler” diýipdir.

Baş redaktor

XX asyrda 4 zehinli ýazyjy, 4 dogan: Baýram, Haşymguly, Arap, Täçli Gurbanowlar ýaşap geçdi. Doganlaryň nowbahary (ulusy) Baýram aga doganlaryny, ylaýta-da körpeleri Täçlini bolşundan beter öwmegi halardy. 1975-nji ýylda Komsomolyň merkezi komitetinde işleýän Danilewiçi rus dilinde neşir edilýän “Komsomoleç Türkmenistan” gazetine baş redaktorlyga belleýärler.

Şol günler galamdaşlary bilen Ýazyjylaryň Pöwrizedäki Döredijilik öýünde dynç alýan Baýram aga “Täçjan (Täçliniň adyny tutuşy) Komsomolyň merkezi komitetiniň sekretary bolup işleýän döwri işgärleri ala tutmazdy. Ähli babatda adalatlydy. Danilewiç bilen-ä, dostdy. Öýümize köp gelerdi. Ol bilen özümem köp gezek piwohana gitdim.

Ony “Komsomoleçe” baş redaktorlyga hödürlänem partiýanyň merkezi komitetiniň neşiri “Türkmenistan kommunisti” žurnalynyň baş redaktory bolup işleýän Täçjan. Danilewiç ýaly oňat ýigidi goldap, Täçjan akyl etdi” diýip, Danilewiçi delil bagy edinip, inisini öwüpdir. Bu mahabaty diňläp oturan ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow:
-Baýram aga, onuň ady Albina, Danilewiç zenan maşgala -diýip, ony sözünde tutupdyr. Baýram aga aljyramandyr:

-Berdinazar, adamlara düşüner ýaly däl. Gündiz görseň erkek adam, gije görseň aýal. Danilewiçi gündiz görýärdim -diýipdir.

Palaw

Bir gezek Berdinazar Hudaýnazarow Beki Seýtäkowyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Beki aga oturan ýerinden gyzynyň adyny tutup “Gyzym, myhman geldi, palaw atar” diýipdir. Myhman bilen kakasynyň oturan otagyna girmäge ejap eden gyzy gapynyň aňrysynda duran ýerinden “Kaka, näçe adamlyk palaw ataraýyn?” diýip sorapdyr. Beki aga:

-Gyzym, eýwana çyk-da seret, atarjak palawyň näçe adamlyk bolmalydygyny şol ýerdäki del köwşüň razmeri – ölçegi aýdar -diýipdir. Berdinazar aganyň aýagy mähnet ulydy. Ol 47-48 razmerdäki - ölçegdäki köwüş geýýärdi.

Toplan, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG