Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alyýew Türkiýä sapar edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkiýä sapar edýär. Bu Alyýewiň geçen aý täze möhlete prezident saýlanandan soň, daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Alyýew Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül we premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen hem gepleşikleri geçirer.

Saparyň dowamynda iki ýurduň özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine garalmagyna garaşylýar.

Käbir maglumatlara görä, gepleşikleriň çäginde trans-Anadoly gazgeçiriji proýektiniň gurluşygy hem maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG