Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tan Sang bilen duşuşdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hanoýda özüniň wýetnamly kärdeşi Truong Tan Sang bilen gepleşikleri geçirdi.

Putin taraplaryň “örän ynjyk meseleler”, şol sanda harby we ýokary tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edendiklerini aýtdy.

Rus prezidenti taraplaryň arasynda “gowy özara düşünişmäniň”, şeýle-de geljekdäki hyzmatdaşlyk üçin “gowy yşaratlaryň” bardygyny belledi.

Mundan öň, Putin Wýetnamyň kommunist lideri Ho Çi Minhiň mawzoleýine gül desselerine goýdy.

Wýetnam özüniň harby arsenalyny aglaba Russiýadan satyn alýar. Rus kärhanalary Wýetnamyň nebit, gaz we ýadro pudaklarynda hem işleri alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG