Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisýan Dagly-Garabaga bardy


Ermenistanyň prezidenti Azerbaýjandan bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitine sapar edýär.

Ermenistanyň habar serişdleriniň maglumatyna görä, Serž Sarkisýan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden bu regionyň harby hüşgärlik derejesini barlar.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň Dagly-Garabag sebiti boýunça dartgynly gatnaşyklary bar. 1990-njy ýyllardaky Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky uruşda, Ýerewan tarapyndan goldanylýan ermeni seperatistleri bu regiony basyp alypdylar.

Geçen hepde Sarkisýan we onuň azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew Dagly-Garabag gepleşiklerini başlatmak üçin, şu aýyň ahyrlaryna duşuşmak barada ylalaşypdylar.
XS
SM
MD
LG