Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagt: Ünsden düşürilýän köçeler


Aşgabadyň bejergä mätäç ýollary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Aşgabadyň bejergä mätäç ýollary

8-nji noýabrda, anna güni, geçen hökümet maslahatynda Aşgabat şäherinde umumy uzynlygy 59,14 kilometr bolan köçeleri döwrebaplaşdyrmak, 18 sany köpri, 39 sany ýerasty we 15 sany ýerüsti pyýada geçelgeleriň taslamalaryny düzüp, soňra olary durmuşa geçirmek baradaky karara gol çekildi.

Bu karara laýyklykda bu işler 2013-nji ýylyň noýabr aýynda başlanyp, 2016-njy ýylyň dekabr aýyna çenli doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrylmaly. Bu resminamada paýtagtyň haýsy köçeleriniň abadanlaşdyryljakdygy hem-de gurulmagy göz öňünde tutulýan ady agzalan desgalaryň şäheriň haýsy böleginde guruljakdygy babatda takyk maglumat berlenok.

"Hitrowka"

Paýtagtyň abadanlaşdyrylmaly köçeleriniň bolsa sany az däl. Ylaýata-da, protokol diýlip hasaplanýan köçelerden başga köçeleriň ählisi diýen ýaly belli bir derejede şeýle bejeriş işlerine mätäç. Şeýle köçelere, esasanam, Aşgabadyň "Hitrowka" diýlip atlandyrylýan raýonynda duş gelse bolýar.

Bu raýonda Sewernyý, Sewastopol, Graždan, Griboýedow ýaly uly köçeleriň asfalty diňe bir nätekiz bolman, eýse onuň döwlüp, pytran ýerleri hem az däl. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri şol köçeleriň nätekizligini, esasan, olaryň häli-şindi gazylyp, soňra düzedilmän taşlanmagy bilen düşündirýärler.

Onuň üstesine-de, bu raýondaky köçeleriň aglabasynyň gyrasynda ne bordýur bar ne-de düzüwli yşyklandyryş. Onsoň gijelerine bu köçeleriň köp bölegi paýtagtyň beýleki köçelerinden tapawutlylykda gum-gukluk hem gap-garaňky. Ady agzalan köçeler şol raýonyň uly köçeleri. Kiçi köçeleriň haly olardanam erbet.

Leningrad, Çapaýew, Miçurin, 3-nji bäşýyllyk köçeleri - edil şeýle köçelerden. Şol etrabyň özüni Döwlet diýip tanadan ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýerlere taksiçileriňem gelesi gelenok. Gelselerem, adaty kireý nyrhyndan 1-2 manat köp alýarlar.

Agzalýan etrabyň köçeleriniň häzirki ýagdaýy ýaňy-ýakynda emele gelen zat däl. Munuň ençeme ýyldan bäri şeýledigine garamazdan, bu köçelerde abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Bu gezekde bejerilmeli edilen köçeleriň sanawyna hem bu etrabyň girip-girmändigi häzirlikçe belli däl.

"Protokol" köçeler

Emma şol bir wagtyň özünde-de paýtagtyň beýleki etraplarynda, esasanam protokol diýlip atlandyrylýan köçelerde, soňky iki-üç ýylyň dowamynda abatlaýyş işleriniň ençeme tapgyry geçirildi. Aşgabadyň Bitaraplyk, Garaşsyzlyk prospektleri, 10 ýyl abadançylyk prospektiniň bir bölegi şeýle köçelerdir.

Edil häzirki döwürde Arçabil prospektini gaýtadan abatlamak işleri hem dowam etdirilýär. Yzygiderli abatlanýan bu köçeleri"Hitrowkanyň" köçelerinden tapawutlandyrýan bir ýagdaý bar. Olam bu köçelerden ýokary derejeli myhmanlaryň we prezidentiň yzygiderli geçýänligi.

Elbetde, abatlanmaly edilen 59 kilometerlik köçeleriň hataryna paýtagtyň haýsy köçeleriniň girýändigini wagt görkezer. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan "hitrowkalylar" şu gezek ýolbaşçylaryň öz raýonlaryna üns bermegine garaşýarlar. Bu tamanyň ödelip-ödelmejegi häzirlikçe soraglygyna galýar.
XS
SM
MD
LG