Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-a Filippine hemaýat berýär


ABŞ özüniň uçar daşaýjy gämisini we 20 million dollarlyk gumanitar kömegini Filippine ýollady. Filippinde bolan Haiýan tupany sebäpli 10 müň töweregi adamyň ölendigi çaklanylýar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş edarasynyň beren maglumatyna görä, ol weýrançylygyň netijeleri bilen göreşmek üçin 20 million dollar, şol sanda azyk we çadyrlary ugradar.

ABŞ-dan başga-da onlarça döwlet we gurama Filippine ençeme million dollarlyk hemaýaty hödürledi.

BMG-niň maglumatyna görä, tebigy harasat sebäpli 660 müňe golaý filippinly öýsüz galypdyr.
XS
SM
MD
LG