Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda bäş telekanal ýapyldy


Özbegistanda Hökümete degişli bolmadyk telekomunikasiýa ulgamynyň bäş telekanaly efirden aýryldy.

Geçen aý Terra Group holdingine degişli üç FM stansiýasy we başga-da dört telekanal ýapylypdy.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyryp, onda özüniň Terra Group holdinginde parahorlyk bilen bagly derňewiň geçirilýändigini öňe sürüpdi.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik Hökümete degişli bolmadyk telekomunikasiýa ulgamynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolanda, kärhananyň lisenziýasynyň togtadylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG