Sepleriň elýeterliligi

Belarusda futbolka tussaglyga getirip bilýär


Belarusly pensioner Ýuriý Rubsow “Güm bol, Lukaşenko!” diýen şygarly futbolka geýnip protest geçirýär, Minsk, 3-nji noýabr, 2013.

Belarusly pensioner Ýuriý Rubsow “Güm bol, Lukaşenko!” diýen şygarly futbolka geýnip protest geçirýär, Minsk, 3-nji noýabr, 2013.

Belarusyň Minsk şäher sudy prezident Aleksandr Lukaşenko garşy şygarlar ýazylan futbolkany geýeni üçin belarusly aktiwisti bäş gün türme tussaglygyna höküm etdi.

Bir hepdäniň dowamynda şeýle waka ikinji gezek gaýtalanýar. Bu bolsa belarus häkimiýetleriniň özlerine garşy edilýän protest çärelerine eglişik etmeýändiklerini görkezýär.

Belarusda hökümeti tankyt edýän tankytçylar, protesti goldap, diňe el çarpandyklary üçin, ýa-da bolmasa, aýyjygyň suratyny Internetde çap edendikleri üçin türme tussaglygyna höküm edilip başlandylar.

"Jenaýatçylaryň" sanawy

Indi biziň şol gürrüňini edýän bolar-bolugsyz “jenaýatlarymyzyň” sanawyna ýene biri goşuldy, ýagny mundan beýläk Belarusyň diýdimzor prezidenti Aleksandr Lukaşenko garşy şygar ýazylan futbolka geýmeklik hem – jenaýat.

Duşenbe güni, 11-nji noýabrda, Minskiniň kazylary Lukaşenkony wezipeden çekilmäge çagyrýan şygarly futbolkany geýen orta ýaşlaryndaky bir adamy 5 günlük türme tussaglygyna höküm etdiler.

Ýekşenbe güni, 10-njy noýabrda, sowet döwründe ejir çekenleriň hatyrasyna geçirilen köpçülikleýin ýörişde Leonid Smowža “Lukaşenkosyz Belarus” diýen ýazgyly futbolkany geýeni üçin tussag edildi.

Geçirilen çärä gatnaşan Smowža Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň soraglaryna jogap berip, özüniň Lukaşenkonyň alyp barýan syýasatyny goldamaýandygyny, şeýle-de “işsizlere tölediljek salgyda” düýbünden garşydygyny, eger-de ýagdaýlar şeýle dowam etse, ýakyn wagtda döwletiň işsizlerden hem salgyt alyp başlamagynyň ahmaldygyny gürrüň berdi.

Smowža şeýle diýdi: “Men biziň liderimiziň berýän görkezmelerine we onuň gol çekýän kararlaryndan düýbünden nägiledigimi bildirýärin. Men aýratyn hem işsiz gezip ýörenlere tölediljek salgyda garşy protest bildirýärin. Bu ýyl meniň saglygym kän bir gowy däl. Men medisina barlagyndan zordan geçdim. Öňümzdäki ýyl men ýa jenaýatçy hasaplanaryn ýa-da gul hasap edilerin. Sebäbi men resmi taýdan “işsiz” diýen statusa eýe bolaryn.”

Sud diňlenişigine gatnaşan şaýatlaryň bellemeklerine görä, Smowže ýöriş wagtynda polisiýa tarapyndan saklananda, ol polisiýa işgärlerine garşy gitmändir we agzalýan şygarlary gygyryp aýtmandyr.

Oppozisianyň guramagynda geçirilen çärä gatnaşyjylardan başga hiç kim tussag edilmändir.

Smowžaly wakadan bir hepde ozal Ýuriý Rubsow hem “Güm bol, Lukaşenko!” diýen şygarly futbolka geýeni üçin üç günlük türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Pensioner Ýuriý Rubtsowy hem 1930-njy ýyllardaky sowet repressiýalarynyň pidalaryna bagyşlanyp, Minskiniň daşyndaky ýadygärliginiň ýanynda geçirilen ýörişde tussag edipdiler.

Demonstrasiýa gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, furgonly ulaga salmazdan ozal, polisiýa işgärleri onuň elini arkasyna gaňryp, towlapdyrlar.

Sudda Ýuriý Rubtsow Lukaşenkonyň tagtdan düşmegini talap etmäge hakynyň bardygyny aýtdy. Sebäbi prezidentiň özi teleýaýlymda, eger belarus halky islese, wezipeden gitjekdigini tassyklapdy.

Jemgyýetdäki duýgular

Aleksandr Lukoşenkony, sowet häkimiýeti döwrüniň sowhoz müdirini, ýigrimi ýyl mundan ozal hökümet başyna geçeli bäri köp sanly adam hukularynyň bozulmalarynda aýyplaýarlar.

Futbolkaly wakalar, dürli tankytdyr-nägilelikler onuň režimine garşy ýigrenjiň ösýändigini görkezýär. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, repressiw hereketler şeýle bir ýaýbaňlandy welin, bu protestler kähalatda ýokary derejä ýetýär.

2011-nji ýylda onlarça adam ile belli el çarpma protestine gatnaşandyklary üçin 15 günlük türme tussaglygyna höküm edildiler. Bu proteste gatnaşyjylar Aleksandr Lukoşenkonyň syýasatyna garşy sazlaşykly el çarpypdylar. El çarpmanyň maksady köpçülikleýin demonstrasiýalary gadagan edýän berk kanuna eýermezlik bolupdy.

Polisiýa işgärleri ýygnanyşanlary güýç bilen dargatdylar we iki müňe golaý adamy tussag etdiler. Olaryň arasynda hatda bir elli adam hem bardy. Oňa, hamana, ellerini çarpany üçin 200 dollar çemesindäki pul jerimesini saldylar.

Häzirki wagtda işsiz Konstantin Kapliniň aýtmagyna görä, jerime onuň alýan pensiýa pulunyň iki essesinden hem köp bolup çykypdyr.

Uniwersitetiň žurnalistik fakultetiniň talyby Anton Surýapin demokratik äheňli habary özünde jemleýän oýunjak aýyjyklaryň suratyny internetde ýerleşdireni üçin geçen ýyl bir aýdan gowrak wagtlap tussaglykda saklandy.

Belarus häkimiýetleri Anton Sýurpini we Sergeý Başarimow diýen bir adamy şwed reklama agentligine goldaw bermekde aýypladylar. Bu agentlik ozal Belarusyň çägine müňlerçe oýunjak aýyjyklary uçardan oklamagy başarypdy.

Agzalan iki adamyny 7 ýyl türme tussaglygyna höküm etmäge esas berýän aýyplamalar 2013-nji ýylda ýatyryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG