Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamalarda 8 adam öldi


Çarşenbe güni Bagdadyň demirgazygyndaky Bakuba şäherinde utgaşykly amala aşyrlan üç partlamada azyndan sekiz adam öldi.

Bu bomba hüjümlerinde Aşura dabarsyna gatnaşmak üçin mukaddes Karbala şäherine tarap ýöräp barýan şaýy musulmanlary nyşana alnypdyr.

Şaýy musulmanlary 7-nji asyrda Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Hüseýiniň ölümini belleýärler.

Bu däp her ýyl ýatlanyp geçilýän ýas tutmak döwri bolup, ol Aşura diýip atlandyrylýar we bu gün ýüz müňlerçe şaýy musulmanlarynyň gatnaşmagynda bellenilip geçilýär.

Sünni ekstremistleri şaýy musulmanlaryny dinden çykan hasaplap, olara ýygy-ýygydan hüjüm edýärler.

Yrakda mezhebara ýowuzlyklar barha möwjeýär. Şu ýylyň dowamynda amala aşyrlan hüjümlerde 5 müň 500 yrakly öldürildi, olaryň 1000-si diňe oktýabr aýynda heläk boldy.
XS
SM
MD
LG