Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu gurluşyk planyny togtatdy


Ysraýylyň Birleşen Ştatlar we Palestina tarapyndan tankyt edilmeginiň yz ýany premýer-ministr Benýamin Netanýahu ýewreý ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky planyny soňa goýdy. Ysraýyl bu ýaşaýyş jaýlaryny Günbatar kenarda 20 müň töweregi ýewreýe niýetläp gurmagy planlaşdyrýardy.

Netanýahunyň edarasynyň sişenbe güni giçlik ýaýradan beýanatynda gurluşyk resmileri plany beýleki ysraýylly ýolbaşçylar bilen sazlaşyksyz durmuşa geçirmäge başlapdyrlar diýilýär.

Şeýle-de, beýanatda Ysraýyl dünýäniň iri döwletlerine Eýranyň ýadro programmasy barada ylalaşyga gelmäge basyş edýärkä, planyň “halkara jemgyýetinde gereksiz gapma-garşylyk döredýän meseledigi” aýdylyp, tankyt edilýär.

Mundan gysga wagt ozal Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Ysraýyl ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga dowam etse, parahatçylyk prosesini durdurjakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG