Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Timoşenko azat edilmedi


Ukrainanyň parlamenti adatdan daşary geçiren maslahatyny ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň saglyk bejergisini almak üçin Germaniýa gitmegine rugsat berýän kanun taslamany kabul etmezden tamamlady.

Parlamentiň sözçüsi Wolodimir Rybak prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetdäki “Regionlar partiýasynyň” we oppozisiýanyň wekillerinden düzülen parlament agzalarynyň gürrüňi edilýän kanun taslamasy barada bir netijä gelip bilmänsoň, maslahatyň tamamlanandygyny yglan etdi.

Rybakyň bu çykyşyndan soň, deputatlaryň käbirleri “Masgaraçylyk!” diýip gygyrdylar. Maslahata Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri Aleksandr Kwasnewskiý we Pät Koks hem gatnaşdy.

Mundan ozal Ýewropa Bileleşigi 13-nji noýabra çenli Timoşenkonyň boşadylmagy barada karara gelinmese, şu aýyň ahyrynda Wilniusda geçiriljek maslahatda Kiýew bilen erkin söwda we Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekişligiň soňa goýuljakdygy barada duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG