Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: 4 adam tussag edildi


Ukrainanyň resmileri geçen aý rus-ukrain araçäginde özüni partladan adam bilen ilteşikli diýip güman edilýän dört adamy tussag etdi.

Gürrüňi edilýän dört adam Ukrainanyň dürli ýerlerinde ele salyndy. Olaryň biri Kabardino-Balkariýadandyr.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, Baçewskdäki barlag nokadyndan galp pasportly serhedi geçmäge synanyşan adam Russiýanyň durnuksyz Kawkaz respublikasy Kabardino-Balkariýanyň raýaty ekeni. Onuň şahsyýeti barada maglumat berilmeýär.

Geçen aý serhet barlag nokadynda janyndan geçen bir hüjümçiniň bombany partlatmagy netijesinde azyndan iki ukrainaly esger ýaralanypdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gulluklarynyň berýän maglumatyna görä, bu adam 2010-nji ýyldan bäri Russiýanyň sülçileri tarapyndan gözlenilýär.
XS
SM
MD
LG