Sepleriň elýeterliligi

Kairde adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy


Kair, 2013-nji ýylyň noýabr aýy.

Kair, 2013-nji ýylyň noýabr aýy.

Kairiň sudy Müsürde üç aýlap dowam eden adatdan daşary ýagdaýy we gijeki komendant sagadyny ýatyrmak barada karar çykardy. Kairiň administratiw sudunyň sişenbe güni yglan eden bu karary garaşylyşyndan iki gün ir peýda boldy.

Ýurduň harbylar tarapyndan goldanylýan hökümeti bu karary derhal işe girizmekden saklandy we munuň üçin suduň resmi tassyknamasynyň bolmalydygyny aýtdy.

Suduň bu karary Müsüriň hökümetiniň ýarany ABŞ tarapyndan makullandy.

Şol bir wagtda-da, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki Müsürdäki ýagdaýyň aladalanma hem döredýändigini belledi. Ol Waşingtonyň Müsüriň hökümetini “ähli müsürlileriň hukuklaryna hormat goýmaga”, şol sanda raýatlaryň parahatçylykly çykyşlary geçirmek we graždan sudlaryna ýüz tutmak hukuklaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Protestleri çäklendirmek çäresi

Müsürde adatdan daşary ýagdaý yslamçylar tarapyndan goldanýan prezident Muhammad Morsiniň tussag edilmeginden soň başlanan zorluklar sebäpli 14-nji awgustda yglan edilipdi.

Esasan Morsiniň tarapdarlaryndan ybarat müňlerçe protestçiler bu döwürde howpsuzlyk güýçleri bilen aradaky çaknyşyklarda öldürildi, ýene müňlerçe adam tussag edildi.

Adatdan daşary ýagdaýyň girizilmeginden soňky aýlarda protestleriň depgini we möçberi azaldy. Adatdan daşary ýagdaýyň we daňdan sagat birden bäşe çenli komendant sagadynyň girizilmegi bilen, bu döwürde esgerlere düzgüni bozujylary tussag etmäge giň ygtyýar berildi.

3-nji iýulda Müsüriň harbylary demokratik ýol bilen saýlanan Muhammad Morsini häkimiýet başyndan çetleşdirenden soň, ýurtda prezident Adli Mansuryň ýolbaşçylygynda geçiş hökümeti döredildi.

Morsini goldaýan “Musulman doganlar” atly syýasy topar onuň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegini bikanun döwlet agdarylyşygy diýip atlandyrdy. Häzirki wagtda Morsi sud edilýär. Ol 2012-nji ýylyň dekabr aýynda prezidentiň köşgüniň öňünde bolup geçen çaknyşyklarda protestçileri öldürmäge buýruk berenlikde aýyplanýar.

14-nji awgustda yglan edilen adatdan daşary ýagdaý 12-nji sentýabrda ýene iki aýlyk uzaldylypdy. Kairiň sudy 12-nji noýabrda adatdan daşary ýagdaýyň möhletiniň dolandygyny yglan etdi.

Hökümete edilýän basyşlar

Suduň bu karary hökümete aktiwistler tarapyndan edilýän basyşlaryň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Raýatlaryň ýygnanyşmak azatlyklaryny çäklendirýän we protestçileri ýygnanyşmak üçin ýörite rugsat almaga mejbur edýan täze kanun jemgyýetde gapma-garşylyklary döretdi.

Habar berlişine görä, bu kanunyň tiz wagtda makullanmagyna garaşylýar.

Müsüriň esasy futbol kluby öz oýunçylarynyň biri bilen şertnamasyny ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu futbolçy gol salnanda begenjini bildirip, elini galgadyp, wezipesinden agdarylan ozalky prezident Morsä goldaw bildirmegi alamatlandyrýan hereketi edipdi.

Bu waka ýurtda dartgynlylygyň dowam edýändigini görkezýän alamatlaryň biri boldy.
XS
SM
MD
LG