Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: ÝB missiýasyny uzaltdy


Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainanyň tussaglykdaky öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň ykbalyna gözegçilik edýän missiýasynyň işi Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar hyzmatdaşlygy atly sammitine çenli uzaldyldy. Bu sammit 28-29-njy noýabrda Wilniusda geçiriler.

Çarşenbe güni Ýewropa parlamenti Polşanyň öňki prezidenti Aleksandr Kwasnewskiýniň we Ýewropa Parlamentiniň öňki prezidenti Pät Koksyň ýolbaşçylygyndaky missiýany uzaltmak barada karara geldi.

Bu karar çarşenbe güni irden Ukrainanyň parlamentiniň Timoşenkonyň saglyk bejergisini almagy üçin Germaniýa gitmegine rugsat berýän kanun taslamany ret etmeginiň yz ýany amala aşyryldy.

19-njy noýabrda Ukrainanyň parlamenti bu meselä gaýtadan sereder. Ýewropa parlamentiniň synçylarynyň pikirine görä, kanun taslamasynyň parlamentden geçmegi üçin deňe-deň mümkinçilik bar.

Ýewropa parlamenti Ukraina bilen Wilniusda Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagy üçin Timoşenkonyň azat edilmegini öňzerurlyk hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG