Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Kerri täze sanksiýalara garşy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Kongresiň Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek barada ätjek islendik ädimi Tähranyň dawaly ýadro programmasy hakda parahatçylykly netijä gelinmek ugrunda dowam edýän diplomatiki tagallalary puja çykarar diýdi.

Kerri bu barada penşenbe güni ýapyk gapylaryň aňrysynda Senatyň bank komiteti bilen geçiren duşuşygyndan öň belläp geçdi. Bu komitet güman edilýän ýadro programmasy barada Tährana täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar.

Kerri Tähran bilen gelnen deslapky ylalaşygy Birleşen Ştatlaryň we dünýäniň beýleki iri döwletleriniň goldaýandygyny aýtdy. Deslapky ylalaşyga görä, Eýranyň ýadro meselesinde eglişik etmegine jogap hökmünde Tährana çäkli sanksiýa ýeňillikleri berler.

ABŞ-nyň Demokratik we Respublikan kanun çykaryjylary Eýran bilen diplomatik gepleşikleriň geçirilmegine has köp wagt berip-bermezlikde gapma-garşy pikirlere bölündiler.
XS
SM
MD
LG