Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus dikuçarlaryny satyn almaz


Birleşen Ştatlar Siriýanyň hökümetini ýarag bilen üpjün edýän Russiýanyň eksportçysyndan mundan beýläk dikuçarlary satyn almaz.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti “Rosoboroneksportdan” Mi-17 kysymly 15 dikuçary 345 million amerikan dollaryna satyn almagy we ony Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçlerine gowşurmagy planlaşdyrypdy.

Emma çarşenbe güni Goranmak departamenti bu plany goý bolsun edýändigini habar berdi we munuň sebäbi barada maglumat bermedi.

Respublikan senatory Jon Kornin çarşenbe güni ýaýradan beýanatynda Goranmak departamentiniň “Rosoboroneksport” bilen söwda etmegi durdurmak baradaky planyna gowy baha berýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň iki syýasy partiýasynyň agzalary hem harby enjamlary Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini ýaraglar we uruş esbaplary bilen üpjün edýän rus firmasyndan almagy ret etdi.
XS
SM
MD
LG